Sepleriň elýeterliligi

Kim Jong Un Trampy “akyldan azaşan” diýip atlandyrdy


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un amerikan prezidenti Donald Trampy “akyldan azaşan” diýip atlandyryp, ol Demirgazyk Koreýany “bütinleý” dargatmak bilen haýbat atanlygy üçin, “agyr baha” tölär diýdi.

Kim muny täze sanksiýalar boýunça Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan soňky tagallalara we Trampyň 19-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynda eden çykyşynyň jogabynda aýtdy.

21-nji sentýabrda Tramp Phenýan bilen iş salyşaýn şahsyýetleri we kompaniýalary nyşana almak bilen Demirgazyk Koreýa baradaky sanksiýalaryň giňeldilmegi hakda bir permana gol çekdi.

Ol žurnalistlere dürli guramalaryň Demirgazyk Koreýanyň režimini maliýe taýdan goldamagy kabul ederliksiz diýdi.

Trampyň aýtmagyna görä, bu perman Phenýanyň atom ýaraglaryny öndürmek ugrunda edýän tagallalaryny maliýeleşdirýän girdejini peselder.

Demirgazyk Koreýa Kimiň ýolbaşçylygynda onlarça raketa atdy. Phenýan kontinentara ballistik ýadro raketalary bilen Birleşen Ştatlary nyşana almak başarnygyny ýokarlandyrmak üçin, özüniň ýarag programmasyny giňeldýär.

22-nji sentýabrda Kim Tramp “aýtjak sözlerini saýlanynda sypaýylygy öwrenmeli, dünýäniň öňünde söz sözläninde, sözlerini kime gönükdirýändigi hakda oýlanmaly” diýdi.

“Men Birleşen Ştatlarda ýokary serkerdelik hukugyna eýe bolan adama öz çykyşynda [Demirgazyk Koreýany] doly dargatmaga çagyryş edenligi üçin, agyr baha tölederin” diýip, Kim aýtdy.

Günorta Koreýanyň mediasy soňra Demirgazyk Koreýanyň ýokary derejeli bir diplomatynyň öz ýurdunyň Ýuwaş okeanynda ýa onuň depesinde wodorod bombasyny synag etmeginiň mümkindigini aýdandygyny habar berdi.

Tramp 19-njy sentýabrda BMG-niň Baş assambleýasynda eden çykyşynda Kime “raketa adam” diýip salgylanyp, bu gurama agza döwletleri Demirgazyk Koreýadan abanýan howplaryň garşynda has berk liniýany yzarlamaga çagyrdy.

Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in hem 21-nji sentýabrda Demirgazyk Koreýanyň ýadro krizisine “durnukly usul” bilen çemeleşmegi teklip etdi.

Moon Baş assambleýada Phenýany gepleşik stolunyň başyna getirmek üçin sanksiýalaryň zerurdygyny aýtsa-da, Seoulyň Demirgazyk Koreýanyň çökmegini islemeýändigini belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglary we ballistik raketa programmalary sebäpli onuň garşysyna birnäçe gezek sanksiýa girizdi.

18-nji sentýabrda Phenýan sanksiýalaryň artdyrylmagynyň we edilýän basyşlaryň özüniň ýadro programmasyny çaltlandyrmagyna getirjekdigini duýdurdy.

Tramp täze sanksiýalary yglan edeninde Hytaýyň merkezi bankynyň Demirgazyk Koreýa bilen söwda işlerini togtatmak boýunça beýleki banklara buýruk berendigini aýtdy. Bu çäre ýük we söwda ulgamlaryny-da öz içine alýar.

Trampyň aýtmagyna görä, ol ABŞ-yň Gazna departamentine Demirgazyk Koreýa bilen baglanyşykly söwda işlerinde transaksiýalary amala aşyrýan daşary ýurt banklaryny hem jezalandyrmaga ygtyýar beripdir.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG