Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz häkimiýetleri terror dildüwşüginiň öňüniň alnandygyny aýdýar


Gyrgyz polisiýasy

Gyrgyz häkimiýetleri dowam edýän prezident saýlawlary kampaniýasyny nyşana alan terrorçylyk dildüwşüginiň öňüni alandyklaryny aýdýarlar.

Terrorçylaryň kimlerdigi aýdylman, olaryň "gadagan edilen ekstremist toparyň agzalary bolandygy" habar berilýär.

“Güman edilýänler Gyrgyzystandaky prezident saýlawlary mahalynda terror hereketini amala aşyrmagy niýet edinipdir” diýip, Içeri işler ministrliginiň 22-nji sentýabrdaky beýanatynda aýdylýar.

Beýanatda polisiýanyň we aňtaw gulluklarynyň golaýda demirgazykda Çuý welaýatynda birnäçe reýd geçirendigi, ýaraglary we “ekstremist” edebiýaty, partlaýjy ýasamakda ulanyp boljak maddalary konfiskasiýa edendigi aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, güman edilýänler Çuý welaýatynyň Tokmak etrabynda geçirilen reýd mahalynda tussag edilipdir.

Gyrgyzystanyň prezident saýlawlary 15-nji oktýabrda geçirilmeli.

XS
SM
MD
LG