Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Orsýetiň okupasiýasynyň Krymda 'adam hukuklarynyň gödek depelenmegine' getirendigi aýdylýar


Krym tatarlarynyň 1940-njy ýyllarda krym tatarlarynyň deportasiýa edilmeginiň ýyl dönüminde geçirilen ýörişiň gatnaşyjylary OMON topary tarapyndan tussag edildi, Simferopol 
Krym tatarlarynyň 1940-njy ýyllarda krym tatarlarynyň deportasiýa edilmeginiň ýyl dönüminde geçirilen ýörişiň gatnaşyjylary OMON topary tarapyndan tussag edildi, Simferopol 

BMG-niň adam hukuklary boýunça hasabatynda Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny okupirlemeginiň adamlaryň ýitirim edilmegine we gynalmagyna hem Ženewa konwensiýasynyň depelenmegine getirendigi aýdylýar.

Krymda adam hukuklarynyň ýagdaýy “Orsýetiň okupasiýasynyň astynda örän ýaramazlaşdy” diýlip, BMG-niň Adam hukuklary boýunça edarasynyň 25-nji sentýabrda çap eden hasabatynda bellenýär.

“Eden-etdilikli tutha-tutluklar we tussaglyklar, zor bilen ýitirim edilmeler, gynamalar, sütem we azyndan bir bikanun jezalandyrma hasaba alyndy” diýlip, hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de, hasabatda Krymda Ukrainanyň kanunlarynyň Orsýetiň kanunlary bilen çalyşmagynyň, şeýle-de müňlerçe ýerli ýaşaýja Orsýetiň raýatlygynyň mejbury berilmeginiň netijesinde Ženewa konwensiýasynyň we beýleki halkara gumanitar we adam hukuklary boýunça kanunlarynyň depelenendigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG