Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary baradaky hasabatynda Orsýet Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alaly bäri rus döwletiniň agentleri tarapyndan adam hukuklarynyň agyr bozulandygy we adamlaryň gynamalara sezewar edilendigi aýdylýar.
BMG-niň adam hukuklary boýunça edarasy 25-nji sentýabrda çykaran raportynda Krymda adam hukuklarynyň ýagdaýy “ors okkupasiýasy astynda juda ýaramazlaşdy” diýip, adamlaryň ýitirim edilmegine, Ženewa konwensiýasynyň depelenmegine, şeýle hem halkara hukugynyň bozulmagyna salgylanýar.
Hasabatda “adamlaryň eden-etdilikli tutulmagy, türmä basylmagy, ýitirim edilmegi, olara gödek çemeleşilmegi, gynama we azyndan bir halatda kazyýetsiz jezalandyrmanyň dokumentleşdirilendigi” aýdylýar.
“Adam hukuklaryny bozanlar we ony depgilänler gyssagly jogapkärçilige çekilmeli, pidalara çeken zyýanlarynyň öwezi tölenmeli” diýip, BMG-niň adam hukuklary edarasynyň başlygy Zeid Raad Al Hussein bir beýanatda aýtdy.
Ukrainanyň Moskwa dostlukly garaýan öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiç Kiýewde turan köpçülikleýin protestler bilen ýurtdan çykanyndan soňra Orsýet 2014-nji ýylyň martynda Kryma esger iberip, referendum geçirdi. Bu referendum onlarça ýurt tarapyndan bikanun diýip tankytlandy.
Günbatar döwletleriniň ençemesi Orsýetiň Gara deňiz ýarymadasyny basyp almagyna jogap edip, onuň garşysyna sanksiýa girizdiler.
BMG-niň hasabatynda Krymda Ukrainanyň kanunlarynyň Orsýetiň kanunlary bilen çalşylmagy we on müňlerçe adama Orsýetiň raýatlygynyň mejbury berilmegi bilen Ženewa konwensiýasynyň, şeýle-de beýleki halkara gumanitar we adam hukuklary baradaky kanunlaryň aýak asty edilendigi bellenýär.
Adamlaryň Orsýetiň raýatlygyna geçmäge mejbur edilmegi “formal taýdan raýatlygy ret eden ýaşaýjylara gaty agyr degdi”. Döwlet işgärleri ýa ukrain raýatlygyndan çykmaly ýa-da iş orunlaryny ýitirmeli boldular. Orsýetiň raýatlygy üçin gerekli kanuny kriteriýany doldurmadyk Krym ýaşaýjylary “çet ýurtlulara öwrüldiler” diýip, hasabatda aýdylýar.
Krymda ýaşama rugsadyny alan, ýöne rus raýatlygy bolmadyk adamlar indi “möhüm hukuklardan mahrum” we “kanunyň öňünde beýlekiler bilen deň hasaplananok”. Olara ekerançylyk üçin ýer almaga, saýlawlara gatnaşmaga we saýlanmaga, dini jemagatlaryny hasaba aldyrmaga, döwlet edaralarynda bir wezipede bolmaga we ýarymadada özleriniň hususy awtoulaglaryny täzeden hasaba aldyrmaga hukuk ýok.
“Ukrain dilinde bilim almak Krymda mümkin däl diýerlik” derejede diýip, hasabatda aýdylýar.
Şol ýerde ýene bellenmegine görä, ýüzlerçe tussagyň Orsýete äkidilendigi aýdylýar. Bu hem “halkara gumanitar kanun boýunça berk gadagan” iş.
Hasabatda azyndan üç tussagyň ýeterlik medisina kömegi berilmänligini üçin türmede aradan çykanlygy bellenýär.
Ýanukowiç häkimiýet başyndan gidenden soňra Orsýet diňe Krymy eýelemek bilen çäklenmän, eýsem gündogar Ukrainada separatizm oduny tutaşdyrdy. Moskwa 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 10 müňden agdyk adamyň başyna ýeten uruşda separatistleri goldaýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.