Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň sudy öňki premýer-ministri Nawaz Şarifyň işine seredýär


Pakistanyň öňki premýer-ministri Nawaz Şarifyň tarapdarlary, Yslamabat, 26-njy sentýabr, 2017
Pakistanyň öňki premýer-ministri Nawaz Şarifyň tarapdarlary, Yslamabat, 26-njy sentýabr, 2017

Pakistanyň öňki premýer-ministri Nawaz Şarif Yslamabatda korrupsiýa bilen bagly aýyplamalaryň esasynda antikorrupsion suduň öňünde jogap berer.

Şarifyň 26-njy sentýabrda suda barmagy onuň maliýe girdejileriniň üstüni ýaşyrmakda günäli tapylyp, sud tarapyndan 28-nji iýulda wezipesinden çetleşdirilmeginden soňky ilkinji çykyşydyr.

Sud diňlenişigi Şarifiň Londondan Pakistana dolanmagynyň ertesi geçirildi.

Şarifyň tarapdarlary sud jaýynyň daşynda jemlenip, oňa goldaw bildiriji şygarlary öňe sürdürler. Şarif sudy gysga wagtdan terk etdi. Sud Şarifyň iki oglunyň, gyzynyň we giýewiniň indiki hepdede suda barmagyny karar etdi. Üç gezek Pakistanyň premýer-ministri bolan Şarifyň we onuň çagalarynyň garşysyna gozgalan korrupsiýa bilen bagly işiň onuň häkimiýet başyndaky irki ýyllaryna 1990-njy ýyllara degişlidigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG