Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko ukrain diliniň hökmany öwredilmegini ykrar edýän kanuna gol çekdi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko orta mekdeplerde bäşinji klasdan başlap ukrain diliniň hökmany bolmagyny ykrar edýän gapma-garşylykly kanuna gol çekdi.

Poroşenko bu çäräni 25-nji sentýabrda Ukrainanyň etnik azlyklarynyň tankydy çykyşlarynyň yzýany tassyklady.

Kanun başga dillerde sapak berilmegini ret etmeýär, okuwçylar öz ene dillerini aýratyn sapak hökmünde öwrenip bilýärler. Emma Ukrainada uly etnik toparlaryny emele getirýän polýaklar, rumynlar we wengrler aladalanma bildirýärler.

Orsýet Ukrainanyň bu kanunyny açyk tankyt edip çykyş etdi. Orsýetiň Daşary işler ministrligi şu aýda eden resmi beýanatynda Ukrainany “köp milletli ýurtda bir dilli režimi zor bilen ornaşdyrmakda” aýyplady.

Kanun Ukrainanyň birnäçe regionynda, esasan hem birinji dil hökmünde rus dilinde gepleýän ilat köpçülikli gündogar böleklerinde närazylyk döretdi.

Täze kanun 2012-nji ýylda Ukrainanyň Orsýete tarapdar prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň kabul eden öňki kanunyny ýatyrdy. Şol kanunda ilatyň 10%-ni emele getirýän etnik azlyklara öz ene dillerinde okatmak rugsat berilipdi.

XS
SM
MD
LG