Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Kürdüstan regionynyň garaşsyzlygy boýunça referendum ilatyň ýokary gatnaşyk derejesinde geçirildi, sesler sanalýar


Saýlaw komissiýasy referenduma hasaba alnan 4.58 million ses berijiden 72% -niň gatnaşandygyny, gutarnykly netijeleriň 28-nji sentýabrda yglan ediljegini mälim etdi.
Saýlaw komissiýasy referenduma hasaba alnan 4.58 million ses berijiden 72% -niň gatnaşandygyny, gutarnykly netijeleriň 28-nji sentýabrda yglan ediljegini mälim etdi.

Yragyň Kürdüstan awtonom regionynyň garaşsyzlygy boýunça referendum regionda dartgynlylygy döretmeginiň ähtimaldygy barada BMG-niň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň we Eýranyň duýduryşlaryna garamazdan, ses berijileriň ýokary gatnaşyk derejesinde geçirildi.

Germaniýanyň “dpa” agentliginiň maglumatynda 25-nji sentýabrda mälim edilen deslapky netijeleriň ses berijileriň 90 prosentden gowragynyň garaşsyzlygy goldap çykyş edendigi we Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadiniň Kürdüstanyň lideri bilen ses berişlik barada gepleşik geçirmejegini mälim edendigi habar berildi. Abadi referendumy “konstitusiýa garşy” diýip atlandyrdy.

Bagdadyň hökümeti Yragyň bütewüligi ugrunda göreşip, hatda möhüm nebit girdejilerini çäklendirmek ýaly çärelerden hem el çekmejegini aýdypdy.

Kürdüstanyň regional hökümetiniň (KRG) prezidenti Masud Barzani hökmany bolmadyk bu ses berişligiň 1991-nji ýylda awtonomiýa eýe bolan regionyň garaşsyzlygy ugrundaky gepleşikler boýunça uzaga çeken prosesde birinji ädim bolandygyny we yslamçy ekstremistlere garşy uruşda uly rol oýnandygyny 25-nji sentýabrda aýtdy.

Saýlaw komissiýasy referenduma hasaba alnan 4.58 million ses berijiden 72% -niň gatnaşandygyny, gutarnykly netijeleriň 28-nji sentýabrda yglan ediljegini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG