Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus sudy krymly tatar lideri Umerowy ‘separatizmde’ günäli tapdy


Krymly tatar ýolbaşçysy Ilmi Umerow
Krymly tatar ýolbaşçysy Ilmi Umerow

Orsýet tarapyndan basylyp alnan Krymda bir kazyýet tanymal krymly tatar ýolbaşçysy Ilmi Umerowy separatizmde günäli tapdy. “Human Rights Watch” kazyýet prosesini Moskwanyň ýarymadany eýelemegine garşy çykanlygy üçin, ondan “rehimsizlik bilen alynýan öç” diýip atlandyrdy.

Krymyň paýtagty Simferopolda Orsýet tarapyndan bellenen kazylar 27-nji sentýabrda Umerowy günäli tapyp, ol iki ýyl koloniýa şertlerinde ýaşamaga höküm etdiler. Bu ýerde mejbury zähmete çekilýän adamlar işleýän kärhanalaryň ýa-da ekin meýdanynyň golaýynda ýaşamaly bolýarlar.

“Umerowyň kazyýet prosesi turuwbaşdan ýalandan başga zat däldi. Bu günki höküm onuň öz watanynyň erkin bolmagyny açyk aýdany sebäpli, ondan rehimsizlik bilen alynýan öç” diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň Ukraina boýunça barlagçysy Tanýa Kooper aýtdy.

Kazylar hökümi Umerowyň aklaw topary kazyýete entek doly girmänka okap başladylar.

Adwokat Mark Feýgen ondan oň žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, adam hukuklarynyň ýagdaýynyň Krymda ýaramazdygy hakda Birleşen Milletler Guramasynyň ýaňy çykaran hasabatyna salgylanyp, hökümiň ýeňilräk bolmagyny umyt edýändigini bildiripdi.

Ýöne kazyýet prokurorlaryň isläninden-de agyr jezany berdi. Prokurorlar üç ýyl şertli iş kesmegi maslahat beripdirler.

Krym tatarlarynyň saýlanan wekiller organy Mejlisiň başlygynyň orunbasar bolan Umerow Orsýetiň 2014-nji ýylyň martynda Gara deňiz ýarymadasyny Ukrainadan basyp almagyny we ondan soňra krymly tatarlara zulum-sütem edilmegini ýiti tankytlap gelen adam.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy FSB Umerowy 2016-njy ýylyň maý aýynda Krymda tutup, ony separatizmde aýypladylar.

Umerow Orsýetiň Krymda ornadan häkimiýetleri tarapyndan 2016-njy ýylyň awgustynda psihiatriýa keselhanasynda saklandy. Muny hem “Human Rights Watch” guramasy “adam hukuklarynyň agyr bozulmagy” diýip tankytlady.

“Olar Umerowy jenaýat prosesi bilen gorkuzmaga synanyşdylar, ony kemsidip, psihiatrik barlagdan geçirdiler, saglygy üçin gerekli medisina kömegini bermekden boýun gaçyrdylar. Emma ol özüniň Kremliň Krymda edýän nädogry işlerine parahatçylykly ýollar bilen garşy çykmagyny taşlamady” diýip, Kooper aýdýar.

59 ýaşly Umerow 20-nji sentýabrda kazyýetde gürläninde, özüne bu aýyplamalary bildirýänleriň diňe bir maksadynyň bardygynyň aýtdy, “ol hem anneksiýa garşy adamlary jezalandyrmak”.

Ol kazyýetde şeýle diýdi: “Men anneksiýa - anneksiýa, Orsýetiň basyp almagy bilen ornadylan häkimiýetlere hem okkupasion häkimiýetler diýýärin”.

Ol soňra hem özüne “diňe Ukrainanyň raýaty” diýip garaýandygyny aýtdy.

Moskwada ýerleşýän adam hukuklary guramasy “Memorial” Umerowyň garşysyna açylan kazyýet prosesini “bikanun we syýasy sebäpli” diýip atlandyrdy.

Umerowa bildirilen aýyplamalar onuň 2016-njy ýylyň martynda Krym tatarlarynyň telewideniýesi ATR telekanalyna beren interwýusyna esaslanýar. Bu interwýu soňra “YouTube” portalynda ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG