Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň liderleri ýarag saklanýan ýerde bolan ýangyn 'sabotaž' bilen bagly diýýärler


Kiýewden 270 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kalyniwka we Winnytsýa regionlarynyň golaýynda ýarag saklanýan ýerde bolan partlama ýangyn döretdi, 27-nji sentýabr, 2017.
Kiýewden 270 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kalyniwka we Winnytsýa regionlarynyň golaýynda ýarag saklanýan ýerde bolan partlama ýangyn döretdi, 27-nji sentýabr, 2017.

Ukrainanyň liderleri ýurduň merkezi böleginde ýarag saklanýan ýerde bolan partlamanyň aňrysynda “sabotažyň” bolandygyny aýdýarlar. 26-nji sentýabrda agşam bolan partlama günüň ertesi 30 müňden adamyň ewakuasiýa edilmegine we regionyň howa giňişliginiň ýapylmagyna sebäp boldy.

Kiýewden 270 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kalyniwka we Winnytsýa regionlarynyň golaýynda ýarag saklanýan ýerde bolan partlama ýangyn döretdi. 27-nji sentýabrda ýurduň goranmak agentligi ýagaýyň gözegçilik astyna alnandygyny habar berdi.

“Biz öz strategik desgalarymyzy sabotaž toparlaryndan goramagy öwrenmeli” diýip, prezident Petro Poroşenko partlamanyň yzýany harby ýolbaşçylar bilen geçiren adatdan daşary maslahatynda aýtdy.

Ukrainanyň harby prokuraturasy parlamanyň “sabotaž” hereketiniň netijesinde dörändigini derňewçileriň anyklandygyny mälim etdi. Bu barada Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň metbugat-wekili Olena Hitlýanska habar berdi.

Partlamanyň yzýany Winnytsýa regionyna baran premýer-ministr Wolodymyr Hroýsman hadysanyň arkasynda “daşarky faktorlaryň” bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG