Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň liderleri ýarag ammarynda bolan ýangyn 'sabotaž' bilen bagly diýýärler


Ukrainanyň ýarag saklanýan ammarynda bolan partlama
Ukrainanyň ýarag saklanýan ammarynda bolan partlama

Ukrainanyň liderleri ýurduň merkezi böleginde ýarag saklanýan ýerde bolan partlamanyň aňyrsynda “sabotažyň” bolandygyny aýdýarlar. Partlama 27-nji sentýabrda 30 müňden gowrak adamyň ewakuasiýa edilmegine we regionyň howa giňişliginiň ýapylmagyna getirdi.

26-njy sentýabrda giç agşam Kiýewiň 270 km günbatarynda ýerleşýän Winnytsýa regionynyň Kalyniwka şäherçesindäki ammarda ýüze çykan partlamalar güýçli ýangyn döretdi. 27-nji sentýabrda ýurduň gorag agentligi dörän ýangynyň köp böleginiň gözegçilik astyna alnandygyny habar berdi.

“Biz öz strategiki obýektlerimizi “sabotaž” toparlaryndan goramagy öwrenmeli. Mundan beýläk, biz beýle wakalara çydap bilmeris” diýip, prezident Petro Poroşenko ýokary derejeli komandirler bilen agşamky geçirilen adatdan daşary ýygnakda aýtdy.

Ukrainanyň harby prokuraturasy parlamanyň “sabotaž” hereketiniň netijesinde dörändigini derňewçileriň anyklandygyny mälim etdi. Bu barada Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň metbugat-wekili Olena Hitlýanska habar berdi.

Partlamanyň yz ýany Winnytsýa regionyna baran premýer-ministr Wolodymyr Hroýsman hadysanyň arkasynda “daşarky faktorlaryň” bolandygyny aýtdy.

“Bu Ukrain armiýasynyň ok-däri ammary, meniň pikirimçe, munuň ýok edilmegi tötänleýin däl” diýip, ol telewizorda görkezilen çykyşynda aýtdy.

Winnytsianyň regional administrasiýasy ammarda saklanýan ok-därileriň mukddaryny 188 müň tonna diýip, Ukrain armiýasynyň ilkibaşda bu barada eden çaklamalaryndan iki esseden-de köp mukdary mälim etdi.

Hroýsman öz belliklerinde hadysanyň Kiýewe garşy söweşýän Orsýetiň penasyndaky separatistler bilen ilteşiklidigine ynanýandygyny beýan eden bolsa-da, ne premýer-ministr, ne-de Poroşenko belli bir toparyň, milletiň ýa-da şahslaryň anyk adyny agzady.

Içeri işleri ministriniň maslahatçysy Zorýan Skirýak özüniň feýsbuk sahypasynda “hadysanyň Orsýetiň sabotažydygyna doly ynanýandygyny” mälim edip, munuň Kalyniwkadaky harby ammarlarda şu wagta çenli dörän ýedinji ýangyndygyny aýtdy.

Ol partlamalaryň sebäplerini öwrenmek üçin, döwlet komissiýasynyň dörediljekdigini aýtdy.

Şaýatlar ýangynyň ägirt güýçli bolandygyny, partlamanyň aýnalary döwüp, onuň sesiniň hatda Kiýewde-de eşidilendigini aýdýan bolsalar-da, ölümçiligiň ýa-da agyr ýaralylaryň bolandygy barada habar berilmedi.

Goranmak ministrliginiň 27-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda, ammarda saklanýan raketalaryň partlamagy bes edendigi we ýangynyň uly böleginiň gözegçilik astyna alnandygy aýdyldy.

Ukrainanyň Milli polisiýasynyň başlygy Wýaçeslaw Abroskin Winnytsýadan, Žytomyrdan, Kiýewden we Çerniwtsiden gelen polisiýa ofiserleriniň howpsuzlygy üpjün edip, wakanyň bolan ýerinden adamlaryň ewakusiýa edilmegi boýunça olaryň tagalla edýändiklerini habar berdi.

Milli gwardiýanyň 6 ýüze golaý harbysy wakanyň bolan ýerine ýerleşdirilip, olar ýaşaýjylaryň ewakuasiýa edilmegine, olaryň emläkleriniň talaňçylardan goralmagyna ýardam berýärler diýip, Gwardiýanyň beýanatynda aýdylýar. Ukrainanyň UNIAN habar agentligi 1 müň 200-e golaý ýangyn söndüriji gullukçylarynyň ýangyny söndürmäge gatnaşandygyny habar berdi.

Ýerli häkimiýetler partlamadan we dörän ýangyndan soňra heläkçiligiň töwereginde elektrik we gaz üpjünçiliginiň kesilendigini, otly we ulag hereketiniň başga ugurlara gönükdirilendigini mälim etdi.

“Ukraerocenter” partlamanyň bolan ýeriniň howa giňişligniň 50 km. radius töweregini ýapdy diýip, Ukrainanyň Infrastruktura ministriniň orunbasary Ýuriý Lawrenýuk özüniň feýsbuk sahypasynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG