Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow MHM ofiserlerini korrupsiýa garşy göreşe çagyrýar


Prezident Berdimuhamedow türgenleşik wagtynda.
Prezident Berdimuhamedow türgenleşik wagtynda.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerini bu edaranyň döredilmeginiň 26 ýyllygy bilen gutlap, olary korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmäge çagyrdy.

“Siz häzirki zamanyň synaglaryna we howp-hatarlaryna garşy durmaly, halkara terrorçylygy, ekstremizm, kiber jenaýatlary ýaly howply zatlaryň ýurda aralaşmagyna ýol bermeli däl” diýip, prezidentiň ýüzlenmesinde aýdylýar.

Şeýle-de ol milli howpsuzlyk ofiserlerini, beýleki hukuk goraýjy organlaryň hatarynda, korrupsiýa, parahorluga garşy alnyp barylýan göreşi güýçlendirmäge, bu hili ýarmaz hadyslary köki-damary bilen ýok etmäge çagyrdy.

Türkmenistan garaşsyz ýurt bolan ýyllarynyň başyndan bäri halkara guramalarynyň hasabatlarynda dünýäniň iň bir korrumpirlenen ýurtlarynyň hatarynda galýar.

Türkmenistanyň ilkinji prezidentiniň ýurt dolandyran 20 ýyl gowrak wagtynda onlarça ýokary derejeli resmi, şol sanda ýurduň baş prokurory hem korrupsiýada aýyplandy, sud jogapkärçiligine çekildi.

Prezident Berdimuhamedow hem maý aýynda döwlet derejesinde giň ýaýran korrupsiýany tassyk etdi we bu hadysa garşy gyşarnyksyz göreşmegi wada berdi.

XS
SM
MD
LG