Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tillerson Demirgazyk Koreýa babatynda asudalyga çagyrýar


Pekin. ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Hytaýyň prezidenti Si Jinping bilen duşuşdy.
Pekin. ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Hytaýyň prezidenti Si Jinping bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson 30-njy sentýabrda söwda, Demirgazyk Koreýanyň ýadro howpy we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Hytaýa etmekçi sapary bilen bagly meseleler boýunça Hytaýyň prezidenti Si Jinping we beýleki resmiler bilen duşuşdy.

Tillerson Koreýa ýarym adasyndaky ýagdaý babatynda köşeşmäge çagyrdy, emma Demirgazyk Koreýanyň raketa synaglaryny bes etmelidigini aýtdy.

"Eger Demirgazyk Koreýa raketa atmagyny bes etse, bu oňa görnetin kömek eder” diýip, Tillerson Pekinde žurnalistlere aýtdy.

Tillerson ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýany ýadro döwleti hökmünde ykrar etmejekdigini aýtdy, ýöne Waşingtonyň awtokrat dolandyryjy Kim Jong Unyň režimini agdarmak niýetiniň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

Tillerson bu saparyň özüne SI bilen Tramp aprelde Floridada duşuşyp, mundan aňyrdaky söwda diskussiýalary üçin 100 günlük plan belläli bäri iki ýurduň arasynda taýýarlanylan programmalara syn salmak mümkinçiligini berendigini aýtdy.

Ol Hytaýyň daşary syýasat başlygy Ýang Jieçä Tramp bilen Si “örän yzygiderli we ýakyn iş gatnaşygyny gurdy” diýdi.

Şeýle-de Tillerson daşary işler ministri Wang Ýibilen duşuşdy, ol Tillersona iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň“umuman oňyn impulsa eýe bolandygyny we mundan beýläk ilerlemeler üçin wajyp mümkinçilik berýändigini” aýtdy.

Trampyň Hytaýa ilkinji resmi saparynyň noýabrda bolmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG