Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk-günbatar Siriýada urlan howa zarbalary 28 adamy öldürdi


Idlib, Jisr al-Şughur etraby, howa zarbasyndan soň. 25-nji sentýabr, 2017 ý.
Idlib, Jisr al-Şughur etraby, howa zarbasyndan soň. 25-nji sentýabr, 2017 ý.

Demirgazyk-günbatar Siriýada, Idlibdäki pitneçi mesgenine urlan howa zarbasynda azyndan 28 sany asuda adam, şol sanda dört çaga heläk boldy diýip, gözegçi topar 30-njy sentýabrda aýtdy.

Öten agşamky howa zarbalary Idlib welaýatynda, türk serhediniň birnäçe kilometr golaýynda ýerleşýän Armanaz şäherini nyşana aldy.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän gözegçi topar zarbany kimiň urandygyny anyklap bilmedi.

Soňky birnäçe günde siriýa hökümetine we olaryň rus ýaranyna degişli bolan uçarlar Idlibdäki hüjümlerini ýygjamlatdylar.

Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasy biraz öň Harem etrabyna, welaýat paýtagty Idlibden 20 km uzaklykdaky ýere urlan zarbada 12 adamyň ölendigini aýtdy.

Idlibde ozal “Nusra Front” diýlip tanalan topar agdyklyk edýär we olar golaýda, soňky ýitileşmä çenli, alty aýlyk howa zarbalaryna sezewar edildi.

XS
SM
MD
LG