Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kataloniýa: Ses berijileriň 90 prosenti Ispaniýadan bölünip aýrylmagy saýlady


Kataloniýanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, garaşsyzlyk ugrunda rugsat edilmedik referenduma gatnaşan katalanlaryň 90 prosentden gowragy Ispaniýadan bölünip aýrylmagyň bähbidine ses beripdir. 1-nji oktýabr, 2017 ý.
Kataloniýanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, garaşsyzlyk ugrunda rugsat edilmedik referenduma gatnaşan katalanlaryň 90 prosentden gowragy Ispaniýadan bölünip aýrylmagyň bähbidine ses beripdir. 1-nji oktýabr, 2017 ý.

Kataloniýanyň ýolbaşçylary regionyň garaşsyzlygyny birtaraplaýyn yglan etmäge ýol açdylar. Resmileriň aýtmagyna görä, garaşsyzlyk ugrunda rugsat edilmedik referenduma gatnaşan katalanlaryň 90 prosentden gowragy Ispaniýadan bölünip aýrylmagyň bähbidine ses beripdir.

1-nji oktýabrda gazaply herekler bilen geçen ses berişligiň deslapky netijeleri yglan edilmezden az salym öň prezident Karles Puigdemont telewideniýede eden çykyşynda “şu umyt-azaply gün Kataloniýanyň raýatlary respublika şekilinde garaşsyz döwletli bolmak hukugyny gazandylar” diýdi.

Ol soňra hem: “Meniň hökümetim öňümizdäki birnäçe günlükde bu günki ses berişligiň netijelerini halkymyzyň özbaşdaklygynyň ýatan ýeri bolan katalon parlamentine iberer. Onsoň ol referendumyň kanunyna laýyklykda hereket eder” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Referendumyň geçirilmegini ilatyň aglaba köplügi islese-de, ondan öň edilen pikir soraşlyklar garaşsyzlygy goldaýanlaryň regionyň 7.5 million ilatynyň 40 prosent töweregidigini görkezipdi.

Garaşsyzlyga garşy çykýanlaryň köpüsiniň ses berişligi boýkot edip, ony goldaýanlaryň üstün çykmagyna ýol açmagyna garaşylypdy.

Referendum, şeýle hem polisiýanyň ses berişlik bilen baglanyşykly zorlukly hereketleri Kataloniýada we Ispaniýanyň beýleki regionlarynda dartgynlygyň artmagyna getirdi.

Ispaniýanyň konstitusion kazyýeti referendum diktator general Fransisko Frankonyň ölüminden soňra 1978-nji ýylda Ispaniýada demokratiýany dikelden konstitusiýanyň tersine diýip höküm çykarmak bilen ses berişligi gadagan etdi.

Kataloniýanyň häkimiýetleri ses berişlik bilen baglanyşykly gazaply hereketlerde azynda 844 adama medisina kömeginiň gerekdigini aýtdylar.

Polisiýa hem azyndan 33 işgäriniň ýaralandandygyny aýdýar.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Belarus gullugynyň habarçysy Alýakseý Znatkewiç Barselonanyň Rawal etrabynda ses berişlik merkeziniň daşynda çaknyşyklaryň bolandygyny habar berdi.

“Adamlar polisiýa ýol bermediler. Birnäçe polis işgäri bu ses berişlik merkezine zor bilen girjek boldular. Olaryň saýlaw gutularyny konfiskasiýa etmek isländigi ähtimal. Adamlar köçeleri bagladylar” diýip, Znatkewiç aýtdy.

Ispaniýanyň premýer-ministri Mariano Rajoý: “Biz edilmeli işi etdik” diýdi.

“Bu gün Kataloniýada öz ykbalyňy özüň kesgitleme referendumy bolanok, demokratiýa üstün çykdy, sebäbi konstitusiýa tassyklandy” diýip, Rajoý aýtdy.

Referendumdan we onyň bilen baglanyşykly päsgelçiliklerden soňra garaşsyzlygy goldaýan toparlar we regionyň kärdeşler bileleşikleri halky 3-nji oktýabrda umumy iş taşlaýyşa çagyrdylar.

CCOO bileleşigi “referendumy togtatmak üçin döwletiň howpzulyk güýçleri tarapyndan gazaply hereketlere ýüz urulmagyny ýazgarmak üçin” iş taşlaýyşa çagyrandygyny aýtdy.

Janköýerlere ýol berilmedik bir ýaryşda bolsa Barselonanyň futbol topary Las Palma toparyny utdy. Klubuň başlygy polisiýanyň ses berijileriň garşysyna zorluk ulanmagyna protest bildirip, ýaryşyň ýapyk binalarda geçiriljekdigini yglan edipdi.

Referendumyň tarapyny çalýan topar özüniň ýaryşy yza süýşürmek isländigini, ýöne bu haýyşyň ispan ligasy tarapyndan ret edilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG