Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň tarapdarlary 7-nji oktýabra protestleri planlaşdyrýar, Kreml duýduryş berýär


Alekseý Nawalnyý, Moskwa, 2-nji oktýabr, 2017.
Alekseý Nawalnyý, Moskwa, 2-nji oktýabr, 2017.

Kreml tussag edilen oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň tarapdarlaryny häkimiýetler tarapyndan rugsat berilmedik ýörişleri geçirmekden saklanmaga çagyrdy we muňa garşy çykanlaryň jezalandyryljakdygyny aýtdy.

“Rugsat berilmedik ýörişleri we duşuşyklary geçirmäge köpçülikleýin çagyryşlar bikanundyr ... we şeýle çäreleriň guramaçylary jezalandyrylar” diýip, prezident Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow 3-nji oktýabrda žurnalistlere aýtdy.

Peskowyň bu duýduryşy, mart aýynda Orsýetde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak isleýän Nawalnynyň tarapdarlarynyň 7-nji oktýabrda 65 ýaşajak Putiniň doglan gününde tutuş ýurt boýunça proteste çykmaga eden çagyryşlarynyň yzýanyna gabat geldi.

Moskwanyň sudunyň Nawalnyny 20 günlük türme tussaglygynda saklamak barada 2-nji oktýabrda çykaran karary onuň 7-nji oktýabrda Sankt Peterburgda geçirilmegine garaşylan ýörişe gatnaşmagynyň öňüne böwet salýar.

Öz tarapdarlaryny protestleri dowam etdirmäge çagyran Nawalnyý öz tussaglygyny Putiniň öz doglan gününe eden “sowgady” diýip atlandyrdy.

Nawalnyý 1999-njy ýyldan bäri Orsýetiň prezidenti we premýer-ministri wezipelerini eýeläp gelýän we 2018-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynda ýene alty ýyllyk prezidentlik möhletine eýe bolmak isleýän Putini açyk tankyt edip gelýär.

XS
SM
MD
LG