Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň hökümetini tankyt eden alym ýurduny terk etdi


Hafiz Boboýorow
Hafiz Boboýorow

Täjigistanyň hökümetini tankyt etmegi bilen tanalýan alym ýurduny terk etdi we yzyna dolanmagy planlaşdyrmaýandygyny aýtdy.

Hafiz Boboýorow özüniň häzir Germaniýada ýerleşýändigini we häzirki pursatda Täjigistana dolanmagy planlaşdyrmaýandygyny 2-nji oktýabrda AÝ/AR-na ýollan elektron hatynda mälim etdi. Ol öz ýurduny terk etmeginiň sebäplerini mälim etmedi.

2015-nji ýylda Boboýorow täjik häkimiýetleriniň prezident Emomali Rahmona milletiň lideri we Täjigistanyň milli bütewüliginiň esaslandyryjysy adyny bermegini açyk tankyt edipdi.

Bu tankydyň yzýany Boboýorow Täjigistanyň milli akademiýasynyň prognozlar merkeziniň ýolbaşçysy wezipesinden çetleşdirilipdi.

Täjigistanyň propagandasy 1994-nji ýyldan bäri ýurda ýolbaşçylyk edýän Rahmony 1990-njy ýyllaryň graždan urşundaň soň parahatçylyk getiren halas ediji hökmünde görkezmäge çalyşýar. Tankytçylar Rahmonyň hökümetini adam hukuklaryny yzygiderli depelemekde aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG