Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mollalar spirtli içgi satylýan dükanlara näme üçin aýlanýarlar?


Gyrgyzystan: Kadamjaý etrabynda ymamlar dükanlara aýlanyp, olara spirtli içgi satmazlyga çagyryş edýärler.
Gyrgyzystan: Kadamjaý etrabynda ymamlar dükanlara aýlanyp, olara spirtli içgi satmazlyga çagyryş edýärler.

Gyrgyzystanda mollalaryň dükanlara aýlanyp, olara spirtli içgileri satmakdan gaça durmak barasynda çagyryş hem töwella etmegi, ýurtda güýçli jedeliň turmagyna sebäp bolupdyr.

Käbir raýatlar din işgärleriniň geçirýän şeýle çäresine "döwletiň işine goşulyşmak" görnüşinde baha berýän bolsa, käbirleri muny "serhoşlugyň öňüniň alynmagy üçin peýdaly çäre" hasaplaýarlar.

Gyrgyzystanyň Batken welaýatynyň Kadamjaý etrabynda ondan köpräk molla spirtli içgileri satýan dükanlara aýlanyp, satyjylara spirtli içginiň dinde gadagan edilendigini we onuň diýseň ýaramaz netijelere sebäp bolýandygyny düşündiripdir. Mollalar eger mümkin bolsa spirtli içgileri satmagy goýbolsun etmegi barasynda çagyryş beripdirler. Etrabyň "Markaz kent" geňeşiniň ymamy Ibrahim Aýtkulow, Azatlyk Radiosynyň gyrgyz gullugyna beren maglumatynda, dükanlaryň mundan beýläk spirtli içgileri satmazlyk babatda söz berendigini aýdypdyr.

Käbir dükanlar satuwy togtadypdyr

Aýtkulowyň sözüne görä, mollalar şeýle töwellany dowam etdirmegi göz öňünde tutýarlar. Ol molladyr ymamlaryň geçiren söhbetdeşliklerinden soň, köpsanly dükanyň spirtli içgi satuwyny togtadandygyny nygtaýar.

Batken welaýatynyň kazyýet edarasy Azatlyk Radiosyna beren beýannamasynda, mollalaryň diňe töwella işini geçirýändigini we munyň hem olaryň käri bolup durýandygyny bildiripdir. Kadamjaý etrabynyň häkimligi bolsa, agzalýan waka barasynda maglumatynyň ýokdugyny mälim edipdir. "Ýöne bu ýerde geňirgener ýaly bir ýagdaý ýokdyr" diýip, etrap häkimliginden garaýyş beýan edilipdir.

Gyrgyzystan: Kadamjaý etrabynda mollalar dükanlara aýlanyp, olara spirtli içgi satmazlyga çagyrýarlar.
Gyrgyzystan: Kadamjaý etrabynda mollalar dükanlara aýlanyp, olara spirtli içgi satmazlyga çagyrýarlar.

"Ymamdyr mollar diňe bir din işgäri däl, şol bir wagtyň özünde bu ýeriň ýaşaýjylary. Şonuň üçinem biz olary bir gyra çekip: "Sen ymam-molla bolup, kanunlara garşy gitme" diýip bilmeýäris. Olaram jemgyýetiň agzalary ahbetin. Olar satyjylary dükanlaryny ýapmaga mejbur edenoklar. Diňe gijäň ýarymynda we ylaýta-da ýaşlara spirtli içgi satmazlygy haýyş edip, olary jemgyýetde düzgüni pozmazlyga çagyrýarlar. Goý, olar spirtli içgi satsa satyp geçsin. Bärde aslynda gürrüň tertip-düzgüniň goralmagy barasynda gidýär" diýip, etrabyň häkimi Žanybek Isakow aýdýar.

"Goldanmaly tagalladyr"

Ymam-mollalaryň geçirýän bu çäresi hakda maglumat köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we sosial mediada ýaýrandan soň, okyjylar gapma-garşylykly iki topara bölünipdir. Käbir adamlar bu herekete "ruhanylaryň agalygynyň kanunylaşdyrylmagy" görnüşinde baha beren bolsa, käbirleri hem "serhoşlugyň öňüniň alynmagy üçin hökmanylyk" hasaplaýarlar. Okyjylaryň başga bir topary bolsa bu ýagdaýa närazylyk bildirip: "Näme üçin ymam-mollalar alkogolly içgileri öndürýänlere däl-de, ony satýanlara şeýle gönümel çagyryş edýärler?" diýen soragy öňe sürýärler.

Dini temalarda ýazýan žurnalist Emil Momunowyň pikrine görä, ymamlaryň geçirýän şeýle çäresi hökman goldanmalydyr.

"Jenaýatlaryň aglaba bölegi spirtli içgiler sebäpli ýüze çykýar. Meselem, Gara-Suudaky soňky waka seredip görüň. Ol ýerde 80 ýaşyndaky serhoş adam öz aýalyny öldüripdir. Görnüşine görä, bolup geçýän oňaýsyz ýagdaýlar ruhanylaryň wyždanyna ýönekeý adamlaryňkydan has ýiti täsir ýetirýän bolmaly. Indi näme etmeli? Täjirlik haklarynyň arkasyna bukulýanlara hiç zat diýmezligi dowam etmelimi? Diýmek, hökümet şerhoşlugyň öňüni almak üçin gerek bolan çäreleri görmänsoň, ymam-mollalaryň özleri bu ugurda herekete geçen bolmaly" diýip, žurnalist aýdýar.

"Döwletiň işlerine goşulyşmak"

Häzirki ýagdaýda şol bir wagtyň özünde ymamdyr mollalaryň dükanlara aýlanyp, satyjylara spirtli içgileri satmazlyk barada edýän çagyryşlaryna "dini propaganda" höküminde garaýanlar hem bar. Psiholog Daniel Kadyrbekow bu çärä "döwlet işlerine goşulyşmak" görnüşinde baha berýär:

"Ruhanylaryň raýatlaryň biznesine goşulyşmagy, "reýdler" we edilýän tagallalar, olaryň döwletiň häkimiýetine garşy güýç döretmäge synanyşýandygyny görkezýär. Munyň üsti bilen ymamlar döwletiň güýjüniň täsirini synagdan geçirýärler: Eger bu gezek hiç kim sesini çykarmasa, onda geljekde başga talaplary hem öňe sürerler. Belki-de, geljekde halyfat dolandyryşynda bolşy ýaly, salgytlary özleri ýygnamak islärler. Galyberse-de, kazyýetleriň ygtyýarynyň ruhanylara berilmegini talap edip bilerler. Edilýän şeýle ähli hereketleriň hökman oňaýsyz bir netijesi bolar. Şoňa görä hem döwlet şeýle hereketleri edýän ruhanylara garşy gerek bolan çäräni görmelidir" diýip, Kadyrbekow belleýär.

Mundan owal Gyrgyzystanyň käbir şäherlerinde spirtli içgileriň satylmagy gadagan edilipdi we şol sanda dükanlaryň eýelerine hem berk duýduryş berlipdi. Iýul aýynyň ahyrynda bolsa, Oşuň Žapalak şäheriniň ýaşaýjylary satuwdaky ähli spirtli içgileri satyn alyp, soň olary ýok edipdirler.

XS
SM
MD
LG