Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen býujetiniň 9.5 milliard manada barabar çykdajylary sosial pudaga sarp edilipdir


Türkmenistan
Türkmenistan

Türkmenistanyň döwlet býujetiniň çykdajy bölegi şu ýylyň 9 aýynyň dowamynda 9.5 milliard manada barabar bolupdyr, girdeji bölegi 8.7 milliard manada barabar.

Türkmenistanyň hökümetiniň 5-nji oktýabrda geçiren maslahatynda ýylyň başyndan bäri ýurduň sosial - ykdysady ýagdaýyna baha berilip, mälim edilişine görä, ýanwar we sentýabr aýlarynyň aralygynda býujet pullarynyň 79.6% sosial pudagyň maliýeleşdirilmegine sarp edildi diýlip, resmi maglumatda aýdyldy we býujet işgärleriniň aýlyklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we stipendiýalaryň wagtynda we doly görnüşde tölenendigi bellendi.

Resmi sanlara görä, 2017-nji ýylyň býujetiniň girdeji bölegi jemi 103 ýarym milliard manatdan ybarat bolupdy, çykdajy bölegi 104.87 milliard manata barabar kesgitlenipdi.

Türkmenistanyň hökümeti indiki ýyl boýunça býujetiniň möhüm böleginiň hem sosial maksatlara gönükdiriljekdigini yglan etdi. Resmi maglumatda döwlet býujetiniň çykdajy böleginiň bilim, saglygy saklaýyş we sport ýaly ugurlardan artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygy 26-njy sentýabrda habar berildi.

Türkmenistanyň hökümeti soňky birnäçe ýylyň dowamynda döwlet býujetiniň agramly böleginiň sosial pudaga sarp edilýändigini yglan edip gelýär, şol bir wagtda-da tutuş ýurt boýunça dürli býujet edaralarynyň işgärleri öz aýlyklaryň birnäçe aýlap gijikdirilip berilendigini, iş orunlarynyň we iş sagatlarynyň çäklendirilendigini, işgärleriň aýlyklaryndan dürli maksatlar bilen yzygiderli pul tutulyp galýandygy barada yzygiderli habar berip gelýärler.

XS
SM
MD
LG