Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň täze ilçisi gatnaşyklary ilerletmekde esasy meseläniň Ukraina boljagyny aýdýar


Jon Huntsman
Jon Huntsman

ABŞ-nyň Russiýadaky täze ilçisi, dünýäniň iki sany güýçli döwletiniň arasyndaky ýokary dartgynlylyk wagtynda işe başlamak bilen, özüniň Moskwa bilen işleşmegindäki esasy meseläniň Ukrainanyň öz tutuş territoriýasynda özygtyýarlylygyny dikeltmegine bagly boljakdygyny aýtdy.

Ozalky Utah gubernatory Jon Huntsman 7-nji oktýabrda Salt Lake şäherinde çykyp gürläp, özüniň Russiýa bilen gatnaşyklary ilerletmek isleýändigini aýtdy. Emma ol bu meselede ilkinji ädimiň Moskwanyň Ukrainanyň halkara derejede ykrar edilen serhet çäklerine ygtyýarlylygyny gaýtadan tassyk etmegine baglydygyny nygtady.

"Bu diňe Birleşen Ştatlar üçin mesele däl, eýsem Ýewropa, Kanada, hakykatda her bir ösen beýleki ýurt üçin mesele” diýip, öz dogduk ştatyna kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmaga baran Huntsman aýtdy.

Moskwa Kiýewiň kontrolyndaky Krym ýarymadasyny öz kontrolyna geçirdi we gündogar Ukrainadaky separatist söweşijileri goldady. Netijede, şondan bäri bu ýurtdaky uruşda 10 müňden gowrak adam öldi.

Birleşen Ştatlar we ÝB, Ukrainadaky hereketleri üçin, Russiýanyň garşysyna sanksiýalar tapgyryny girizdi. Bu iki ýurdy bir-birinden aýyrýan köp global meseläniň diňe biridir.

XS
SM
MD
LG