Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp senatory tankytlap, ony Eýranyň ýadro ylalaşygy boýunça aýyplaýar


Tennesili respublikan senator Bob Korker
Tennesili respublikan senator Bob Korker

2015-nji ýylda dünýäniň täsirli döwletleri bilen Eýranyň arasynda gol goýlan Tähranyň ýadro programmasy baradaky ylalaşyk boýunça degerli netijä gelinmeginiň öňüsyrasynda, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bilen Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň baýry ýolbaşçysynyň arasynda sosial media arkaly jemgyýete açyk görnüşde göwne degişlik boldy.

Ýiti söz dalaşynda Tramp tennesili respublikan senator Bob Korkeri Eýran ylalaşygy boýunça aýyplady, öz gezeginde Korker prezidente ýurdy III Jahan urşuna alyp barýan adam diýip jogap gaýtardy. Tramp Eýran boýunça ylalaşygy yzygiderli tankyt edip gelýär.

Gürrüňi gidýän iki respublikanyň arasyndaky harçaňlaşma, Trampyň bu hepde Eýran ylalaşygyny tassyklamakdan boýun gaçyrmagy mümkin diýen alamatlaryň fonuna gabat geldi. Bu ýagdaý Birleşen Ştatlar bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlygy has hem möwjedip, ylalaşyga gol goýan beýleki taraplary howatyrlandyryp biler.

Korker özüniň nobatdaky kanunçylyga nähili ýagdaýda ses berjekdigini kararlaşdyrýan wagty, sentýabr aýynda özüniň hormatly dynç alşa çykjakdygyny, gaýtadan saýlaw kampaniýalaryndaky syýasy basyşlardan azat bolmak isleýändigini mälim etdi.

Tramp özüniň Twitter hasabynda, Korkeriň täzeden saýlanmak üçin özüne ýalbarandygyny, prezident ony goldamakdan ýüz öwürensoň, onuň wezipeden çekilmeli diýen netijä gelendigini öňe sürdi.

Prezident Twitter hasabyndan ýazan ikinji belliginde: “Şeýle-de, Korker döwlet sekretary bolmak isledi. Men ‘ýok, sag bol!’ diýdim. Ol aýylganç Eýran ylalaşygy boýunça-da esasy jogapkärleriň biri” diýip ýazdy.

Eýran bilen dünýäniň täsirli alty ýurdunyň, ýagny Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň we Orsýetiň 2015-nji ýylda gol çeken ylalaşygy Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirýär, şol bir wagtyň özünde Eýrana garşy girizilen ykdysady sanksiýalary gowşadýar.

Tramp prezident Barak Obamanyň döwründe gol çekilen aýratyn ähmiýetli bu ylalaşygy gaýta-gaýta tankyt edip gelýär. Geçen aý BMG-niň Baş assambleýasynda eden çykyşynda Tramp bu ylalaşygyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň şu wagta çenli gol goýan iň erbet, iň bir ýeketaraply ylalaşyk bolandygyny aýtdy.

Tramp 15-nji oktýabra çenli Eýranyň ylalaşygyň talaplaryny berjaý edip etmeýändigine güwä geçmeli.

Eger-de ol ylalaşyga güwä geçmezligi saýlap alsa, onda Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy hökmünde Korker ylalaşygyň çäklerinde ýatyrlan ABŞ sanksiýalarynyň Eýrana garşy gaýtadan girizilip girizilmezligi dogrusynda aýgytly rol oýnar.

Respublikan kanun çykaryjylarynyň garşy çykan ýadro gepleşikleri boýunça ABŞ-da bolup geçen syýasy çekeleşikleriň dowamynda Korker ylalaşygyň Kongresde tassyklanmagyna zerurlyk döredýän we prezidentiň her 90 günde bir gezek Eýranyň ylalaşygyň talaplaryny berjaý edýändigine güwä geçmegini talap edýän çäreleriniň işlenip düzülmegine goşant goşupdy.

Mundan ozal Korker ylalaşygy gowşan hasaplaýandygyny, ýöne munuň dolulygyna ýatyrylmagyna-da garşydygyny aýdyp çykyş edipdi.

Halkara Atom Energiýa Agentliginiň (HAEA) 31-nji awgustda ýaýradan iň soňky hasabatynda Eýranyň ylalaşygyň talaplaryna ygrarly galýandygy aýdylýar.

Korker ozallar Trampa ýakyn adamdy. 2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik kampaniýalarynyň döwründe Korker Trampa milli howpsuzlyk boýunça geňeşdarlyk edipdi. Ol wise-prezident ýa-da döwlet sekretary bolar öýdülýärdi.

8-nji oktýabrda Trampa Twitterde gaýtaran jogabynda Korker: “Ak tamyň uly ýaşlylaryň çagalar bagyna öwrülendigi masgaraçylyk. Kimdir biri bu gün irden öz çalşygyna gelmändir” diýip ýazdy.

“New York Times” gazetinde 8–nji oktýabrda çap edilen interwýuda Korker Trampyň prezidentlik edarasyny “reality show” ýaly görýändigini, onuň daşary ýurtlara oýlanyşyksyz atýan haýbatlarynyň ýurdy III Jahan urşuna tarap alyp gitmeginiň mümkindigini aýtdy.

“Ol meni aladalandyrýar. Ol öz ýurdunyň aladasyny edýän her bir adamy aladalandyrmaly” diýip, Korker sözüniň üstüni ýetirdi.

Tramp bilen döwlet sekretary Reks Tillersonyň arasynda geçen hepde boldy diýilýän dartgynlylyk barada soralanda, Korker Tillersony, goranmak sekretary Jim Mattisi we Ak tamyň ştab ýolbaşçysy Jon Kellini ýurdumyzy haos garjaşyklygyndan halas etmäge ýardam berýän adamlar hökmünde taryplady.

XS
SM
MD
LG