Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow nebit-gaz pudagyna onlarça milliard dollar serişde harçlajakdygyny wada berdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň nebit-gaz pudagyny goldamak üçin onlarça milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini harçlajakdygyny wada berdi. Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagyndan we Russiýanyň türkmen gazyna bolan talabynyň pese gaçmagyndan ejir çekýär

“Öňümizdäki ýedi ýylyň dowamynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ulgamyna esasy maýa goýumy hökmünde 240 milliard matandan gowrak serişde goýberiler. Şu döwürde nebit-gaz toplumyna 159,9 milliard manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdiriler” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Ol bu barada 9-njy oktýabrda Ahalyň Ak bugdaý etrabynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Tebigy gaz baýlygy taýdan dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistan 2016-njy ýylda Russiýa türkmen gazyny satyn almagy bes edensoň, energiýa söwdasynda Hytaýa garaşly boldy.

Şeýle-de, türkmen lideri öz çykyşynda nebit-gaz toplumyna goýberiljek maliýe serişdesi bilen bir hatarda, bu pudakda 6 müň 900-den gowrak täze iş orunlarynyň dörediljekdigini wada berdi.

XS
SM
MD
LG