Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus söweş uçary Siriýadaky howa bazasynyň uçuş ýodasyndan çykdy, ekipaž agzalary öldi


Siriýanyň kartasy
Siriýanyň kartasy

Rus söweş uçary Siriýadaky howa bazasynyň uçuş ýodasyndan çykyp, heläkçilige uçrady we ekipaž agzalary heläk boldy diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi aýtdy.

“Suhoý Su-24” kysymly uçar uçuş ýodasyndan çykyp, “weýran bolan” mahaly Hmeýmim howa bazasyndan ýokary uçup barýardy diýip, döwlet eýeçiligindäki “TASS” habar agentligi we beýleki rus medialary ministrligiň maglumatyna salgylandylar.

“Uçardan ekipaž agzalaryny çykaryp bolmady we olar heläk boldular” diýip, ministrlik heläkçiligiň ähtimal sebäpleriniň biriniň tehniki problema bolmagynyň mümkindigini belledi.

“Su-24” kysymly uçaryň ekipaž agzalarynyň sany adatça iki adamdan ybarat bolýar.

XS
SM
MD
LG