Sepleriň elýeterliligi

Pagta ýygymyndan närazyçylykda agyr kemsidilen özbek resmisi ejizledi, soň wepat boldy


Pagta Özbegistanyň umumy ýyllyk girdejisiniň 4-den 1 bölegini emele getirýär.

Geňirgendirýän pagta ýygymy bilen bagly gödek, igençli we agyr kemsitmelere, ýürege düşgünç käýinçlere sezewar bolan Alişer Ýusupow pagta meýdanyndan, günorta Özbegistanyň çet regionlarynda ýerleşýän iş edarasyna dolanyp barýar. Ejizleýär.

Ýüreginden tutan Ýusupowyň agyz-burnundan “pagşyldap” gan gelýär we 3-nji oktýabrda koma ýagdaýynda huşundan gidýär. Şondan iki gün soňam aradan çykýar.

Pagta ýygymynyň barşy boýunça geçirilen, şol sanda welaýat häkimi Şuhrat Abdurahmanowyň telefon arkaly gatnaşan ýygnagynda, Özbegistanyň Andijan regionynda ýerleşýän Ulugnor etrabynyň häkimi Ýusupowyň üstüne azgarylyp, oňa ýurduň mejbury “ak altyn” ýygymlary sebäpli käýäpdir.

Abdurahmanow telefon söhbetdeşliginde Ýusupowy gaty agyr kemsitdi diýip, ýygnaga gatnaşan daýhanlaryň biri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna çäre görülmekden gorkansoň atlandyrylmazlygyny sorap gürrüň berdi.

Azatlygyň gürrüňdeşiniň sözlerine görä, Andijanyň häkimi azgarylyşygyň dowamynda gaty agyr, çenden gödek darap, agza alynmajak sözler bilen 57 ýaşly, üç çaganyň atasy Ýusupowa käýäpdir.

“Häzir Andijanda hemmeler Ýusupowyň Abdurahmanowyň sözlerine çydap bilmän ölendigini gürrüň edýärler” diýip, daýhan sözleriniň üstüni ýetirdi. Onuň sözüne görä, Andijanyň häkimi etrap häkimlerine günde 24 sagada derek, 25 sagat işlemegi tabşyrypdyr.

Ýusupowyň ölümi boýunça Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Abdurahmanow bilen habarlaşanda ol ýygnakdadygyny, gepleşip bilmejekdigini aýtdy. Özüne hat arkaly ugradylan soraglara-da jogap bermedi.

Fewral aýynda Ulugnor regionynyň häkimi wezipesine bellenen Ýusupowyň 6-njy oktýabrda geçirilen jynazasyna gatnaşan kärdeşleri ony ýagşylykda “başarjaň we gaýratly” adamdy diýip ýatladylar.

10-njy iýulda Nişon etrabynyň häkimi Asror Juraýew traktor we maşyn gurluşygy kärhanasynyň başlygy Muzaffar Çorşanbaýewe halkyň öňünde gödek käýänsoň, onuň şol güni ýüreginden tutup wepat bolandygy aýdylýar.

Özbegistan pagta öndürmekde dünýäde 5-nji orunda durýar we pagta ýurduň umumy ýyllyk girdejisiniň 4-den 1 bölegini düzýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG