Sepleriň elýeterliligi

Ispan premýer-ministri Katalon garaşsyzlygynyň aýdyňlaşdyrylmagyny talap etdi


Ispaniýanyň premýer-ministri Mariano Rahoý. 11-nji oktýabr, 2017 ý.

Ispaniýanyň premýer-ministri Mariano Rahoý Kataloniýa awtonom regionynyň liderinden bu sebitde garaşsyzlygyň ykrar edilendigini ýa-da edilmändigini aýdyňlaşdyrmagy resmi taýdan talap etdi.

11-nji oktýabrda geçiren adatdan daşary hökümet ýygnagyndan soň, Rahoý ispan hökümetiniň beýleki çäreleri kabul etmezinden öň, bu meseläniň aýdyňlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.

Çarşenbe güni telewideniýede görkezilen çykyşynda Ispaniýanyň premýer-ministri Rahoý Puigdemontdan Kataloniýa awtonom regionynda garaşsyzlygyň ykrar edilendigini ýa-da edilmändigini aýdyňlaşdyrmagy resmi taýdan talap edip, munuň ýurduň Konstitusiýasynyň 155-nji maddasyna laýyklykda, hökümetiň islendik çäräni kabul etmegi üçin zerurdygyny aýtdy.

10-njy oktýabrda katalan lideri Karles Puigdemont 1-nji oktýabrda geçirilen jedelli referendumyň netijelerine salgylanyp, ondaky gazanylan belent ýeňşiň Kataloniýanyň halkyna Ispaniýadan “garaşsyz döwlet” bolmak hukugyny berendigini we özleriniň “Ispaniýadan Garaşsyzlygyň Jarnamasy” atlandyran resminama gol goýandyklaryny aýtdy.

Ýöne ol dialoga badalga bermek üçin, regional parlamentiň garaşsyzlyk jarnamasynyň täsirini togtadýandygyny aýtdy.

Çykyşyň yz ýany katalon lider Kataloniýanyň Wekilleriniň Garaşsyzlyk Jarnamasy atly resminama ilkinji bolup gol goýdy. Ondan soňra onlarça seperatist kanun çykaryjy agzalýan resminama gol çekdi.

Madrid bu hereketleri kabul etmeýär. Teswirçiler soňky täzelikleriň Ispaniýanyň merkezi hökümeti bilen katalon seperatistleriniň arasynda on ýyla çeken dawada aýratyn ähmiýete eýedigini belleýärler.

Ispaniýanyň premýer-ministriniň orunbasary Soraýa Saenz de Santamaria kataloniýaly lideriň “öz ornuny, ugruny we nirä kim bilen barýandygyny” bilmeýändigini aýtdy.

Saenz de Santamaria Puigdemontyň Kataloniýany “şu wagta çenli görülmedik gümürtiklige” duçar edendigini aýtdy.

Kataloniýanyň ýolbaşçylarynyň aýraçylykly garaşsyzlyga çagyryş etmäge derek öz çykyşlarynda dialogy saýlap almaklarynyň öň ýany, Brýusselde Ýewropa mejlisiniň prezidenti Donald Task olara ýüzlenme bilen çykyş edipdi.

Puigdemont öz çykyşynda ispan hökümetiniň referanduma beren reaksiýasyndan we saýlaw güni ýüzlerçe adamy ýaralan polisiýanyň zorlugyndan nägiledigini aýtdy, ýöne katalon halkynyň Ispaniýa ýa-da ispan halkyna garşy däldigini sözüniň üstüne goşdy.

2.3 million töweregi adam katalon referendumda ses berdi. Bu san demirgazyk-gündogar regionyndaky umumy saýlawçylaryň jeminiň 43 göterimine deňdir. Regional häkimiýetler halkyň 90 göteriminiň razydygyny we saýlawlaryň netijeleriniň esaslydygyny aýtdy. Referenduma garşy çykanlar ses berişligi boýkot etjekdiklerini mälim etdiler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG