Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk, ABŞ diplomatlary iki ýurduň arasyndaky krizisi maslahat eder


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson we türk daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson we türk daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu

Türkiýäniň we Birleşen Ştatlaryň diplomatlarynyň arasynda geçirilen “konstruktiw” gepleşiklerden soň, türk we amerikan resmileri NATO agza iki ýurduň arasyndaky diplomatik krizisi çözmek üçin işleşmek boýunça duşuşmak barada ylalaşdylar diýip, 12-nji oktýabrda Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Bekir Bozdag aýtdy.

Gürrüňi edilýän krizisiň döremegine Birleşen Ştatlaryň Stambuldaky konsulhanasynyň iki ýerli işgäriniň içalyçylyk aýyplamalary bilen tussag edilmegi sebäp bolupdy. Bu ýagdaý bolsa, 8-nji oktýabrda ABŞ-nyň Türkiýede immigrant bolmadyk wiza hyzmatlaryny togtatmagyna getirdi.

Türkiýe hem şol güni giçlik bu göçüme reaksiýa görkezip, Birleşen Ştatlardaky diplomatik wekilhanalarynda “immigrant bolmadyk wiza hyzmatlaryny togtadýandygyny” bildirdi.

11-nji oktýabrda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson türk daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirip, tussag edilmeler barada “çuňňur aladalanma” bildirdi diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti mälim etdi.

Bozdag “Habertürk” neşirine beren maglumatynda gepleşikleriň “örän konstruktiw”, ýagny örän netijeli bolandygyny we “iki tarapyň wekilleriniň duşuşyp, bilelikde işlemek barada netijä gelendigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG