Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Anarhizm barada leksiýa beren rus professory Belarusda tussag edildi


Minskdäki sud jaýlarynyň biri. Illýustrasiýa suraty
Minskdäki sud jaýlarynyň biri. Illýustrasiýa suraty

Aktiwistler Belarusyň sudunyň rus professoryny huligançylyk aýyplamalary bilen alty gün türme tussaglygyna höküm edendigini aýdýarlar.

9-njy oktýabrda polisiýa Grodno şäherinde Pýotr Rýabkowyň leksiýasyna girip, ony we başga-da 20 çemesi adamy gysga wagtlaýyn tussag etdi we professoryň birnäçe kitabyny ele saldy.

Belarusyň polisiýasy özleriniň bu hereketini “rugsat berilmedik köpçülikleýin üýşmeleňleriň” öňüni almak üçin edilen çäre diýip häsiýetlendirdi.

Düýbi Minskde ýerleşýän “Wýasna”, ýagny “Bahar” atly adam hukuklaryny gorap çykyş edýän merkeziň aýtmagyna görä, Moskwanyň pedagogika uniwersitetiniň professory 10-njy oktýabrda Russiýa gitmäge taýýarlanýan mahaly, Baranawiçiniň golaýynda gaýtadan tussag edildi.

11-nji oktýabrda belarus sudy Rýabkowy huligançylykda günäli tapyp, alty gün türme tussaglygyna höküm etdi.

Rýabkowa goldaw bermek üçin onuň sud diňlenişigine gatnaşan adam hukuklaryny goraýan belarus aktiwisti Alýaksandr Waýtseşik sud zalynda tussag edilip, suda hormat goýmazlykda aýyplandy.

“Wýasna”, ýagny “Bahar” atly adam hukuklary merkeziň aýtmagyna görä, Rýabkow özüniň azatlykdan mahrum edilmegine protest bildirip, açlyk yglan etdi.

XS
SM
MD
LG