Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Russiýanyň S-500 raketa ulgamyna ‘gyzyklanma bildirýär’


S-400 ýer-howa kysymly raketa ulgamy.
S-400 ýer-howa kysymly raketa ulgamy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Russiýdan S-400 ýer-howa kysymly raketa ulgamlaryny satyn alanyndan soň, häzir üstünde işlenilýän S-500 ulgamyny hem almaga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

“Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşiklerimizde biz diňe bir S-400 bilen çäklenmedik. Biz S-500 barada hem gürrüň etdik” diýip, türk mediasy Erdoganyň sözlerini getirdi.

NATO agza Türkiýäniň Russiaýadan S-400 ulgamyny satyn almagy, käbir günbatar döwletleri tarapyndan – Moskwanyň Siriýadaky we Ukrainanyň gündogaryndaky konfliktlerdäki roly sebäpli – ýaranlyga garşy edilen bir ädim hökmünde häsiýetlendirildi.

Mundanam başga, rus ýaraglary Ýaranlygyň goranyş ulgamyna integrasiýa bolup bilmeýärler.

Emma, Erdogan Ukraina we Serbiýa eden saparyndan soň bu aladalanmalary ret edip, çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG