Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan gyrgyz saýlawlaryna gözegçi ýollamaz


Gyrgyz prezidenti Almazmek Atambaýew

Gazagystanyň Saýlaw komissiýasy 15-nji oktýabrda goňşy Gyrgyzystanda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gözegçilerini ýollamajakdygyny aýtdy. Komissiýa gyrgyz prezidenti Almazmek Atambaýewiň Gazagystanyň ýurduň saýlaw kampaniýasyna goşulýandygy baradaky aýyplamalaryny “toslama” diýip, atlandyrdy.

Gazagystanyň Saýlaw komissiýasynyň wekili “biziň ýurdumyzyň Gyrgyzystanyň prezidentlik saýlawlaryna nähilidir bir görnüşde goşulýandygy baradaky islendik gepiň öňüni almak üçin, biz gözegçilik etmek çakylygyny ret edýäris” diýip, belledi.

7-nji oktýabrda prezident Almazbek Atambaýew gazak resmilerini “Gyrgyzystanyň içerki işlerine gatyşmakda” we açyk bir görnüşde prezidentlige dalaşgär Omurbek Babanowy goldamakda aýyplady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG