Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sinaidäki hüjümde alty esger öldürildi


Müsüriň howpsuzlyk güýçleri Kairiň golaýyndaky barlag-gözegçilik nokadyna edilen hüjümde heläk bolan adamyň jesedini seljerýärler. 9-njy dekabr, 2016 ý.
Müsüriň howpsuzlyk güýçleri Kairiň golaýyndaky barlag-gözegçilik nokadyna edilen hüjümde heläk bolan adamyň jesedini seljerýärler. 9-njy dekabr, 2016 ý.

Müsürde “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň söweşijileri bolmakda güman edilýän jeňçiler Sinaide alty barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm etdiler. Wakada alty esger öldi, başga-da 37-si ýaralandy.

Agyr ýaraglar bilen ýaraglanan jeňçiler Şeýh Zweid şäheriniň töweregindäki barlag-gözegçilik nokatlaryna hüjüm etdiler. Resmiler hüjümi yza serpikdirmek üçin harby wertolýotyň çagyrylandygyny hem mälim etdiler.

Harbylar ok atyşyklaryň netijesinde 24 hüjümçiniň öldürilendigini habar berdiler.

XS
SM
MD
LG