Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Polisiýa toplumyna edilen hüjümde azyndan 16 adam öldi


Owganystanyň Pakistan bilen serhetleşýän Paktia welaýatynyň paýtagty Gardezde amala aşyrylan hüjümde ýaralanan adamlar. 17-nji oktýabr, 2017 ý.
Owganystanyň Pakistan bilen serhetleşýän Paktia welaýatynyň paýtagty Gardezde amala aşyrylan hüjümde ýaralanan adamlar. 17-nji oktýabr, 2017 ý.

Owgan resmileri janyndan geçen hüjümçileriň we ýaragly adamlaryň Owganystanyň günorta-gündogarynda polisiýanyň binalar toplumyna hüjümleri başlandandygyny we azyndan 16 adamy öldürip, başga-da 100-den gowragyny ýaralandygyny aýdýarlar.

17-nji oktýabrda Owganystanyň Pakistan bilen serhetleşýän Paktia welaýatynyň paýtagty Gardezde amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, ýaragly adamlar hüjüme başlamazdan öň, janyndan geçen iki bombaçy Paktia welaýat polisiýasynyň we onuň türgenleşik merkeziniň daşynda partladyjy serişde ýerleşdirilen ulaglary partlatdylar.

Ministrlik ýaragly adamlaryň bäşisi howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilenden soň, ençeme sagat dowam eden ok atyşyk tamamlandy diýdi. Emma ýokary derejeli owgan polisiýa ofiseri hüjümçileriň sanynyň 11 adamdan ybaratdygyny aýtdy.

Ýerli saglyk resmisi Hedaýatullah Hamidi ölenleriň arasynda “zenanlaryň, studentleriň we polisiýa ofiserleriniň” bardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG