Gazagystan we Gyrgyzystan serhetdäki çakdanaşa dyknyşygy ýeňletmek we iki ýurduň arasyndaky ulag hereketini tijemek boýunça görüljek çäreler dogrusynda ylalaşdylar.
18-nji oktýabrda Gazagystanyň premýer-ministri Bakytjan Sagyntaýew bilen Gyrgyzystanyň premýer-ministri Sapar Isakowyň Astanada geçiren gepleşiklerinden soňra degişli ylalaşyk kabul edildi.
Sagyntaýew žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, 19-njy oktýabrdan başlap, serhet geçelgelerinde ilki bilen araçägi ulagsyz geçýän ötegçilere, şahsy goşlary ýüklenen ulaglara, şäherara awtobuslara we ýüksüz agyr transport serişdelerine ähmiýet beriljekdigini aýtdy.
Sagyntaýew iki ýurduň premýer-ministrleriniň orunbasarlarynyň ýolbaşçylygynda iş toparynyň döredilmegi dogrusynda taraplaryň ylalaşandygyny we agzalýan topar meseläni dolulygyna çözmek üçin, bäş günüň dowamynda mundan soňky hereket giňişliginiň meýilnamasyny işläp düzmegiň üstünde işlejekdigini aýtdy.
Gazak premýer-ministriniň sözlerine görä, gyrgyz söwdagärleriniň salgyt we gümrük düzgünnamalary boýunça kemçiliklere we düzgün bozmalara ýol berendikleri sebäpli, Astana gazak-gyrgyz serhedinde gözegçiligi berkitmäge mejbur bolupdyr.
“Biziň gümrük gullugymyzyň işgärleri gazak serhedinden Hytaý harytlaryny geçirýän gyrgyz importýorlarynyň ýalňyş deklarasiýa, ýagny beýannama görkezýändiklerini habar berdiler. Şol sebäpden biz gönüden-göni ýitgä galýas” diýip, Sagyntaýew aýtdy.
Ol bu meseläni çözmekde gyrgyz kärdeşiniň “konstruktiw çemeleşigi” wada berendigini sözüniň üstüne goşdy.
Sagyntaýew Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň sözlerine salgylanyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň regionda özara bähbitli we täsirli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolmalydygyny aýtdy.
Ylalaşyk gyrgyz tarapy serhetde öz ýük ulaglaryna we raýatlaryna Gazagystanyň ýowuz daraýandygyny Bütindünýä Söwda Guramasyna şikaýat bilen resmi habar ýollamagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Gyrgyzystan agzalýan global söwda agentliginde doly-ölçegli söwda jedeline badalga bermän, Astananyň aýrybaşga dokuz sany söwda düzgünnamasyny bozandygy barada guramany habarly etdi diýip, Reuters köpçülige ýetirdi.
Gyrgyzystanyň beýanatynda gazak gümrük gullukçylarynyň serhetde gyrgyz ýük ulaglaryny saýlap barlaýandygy, serhet çäklendirmeleriniň iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny tas iki esse töweregi azaldandygy aýdylýar.
Gyrgyz kabinetiniň syýasy departamentiniň başlygy Çyngyz Esenkul-ulu Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde Isakowyň Astana eden saparynyň goňşy iki ýurduň premýer-ministrleriniň arasynda 17-nji oktýabrda geçirilen telefon söhbetdeşliginde öňünden ylalaşylandygyny aýtdy.
Gazak serhedindäki güýçlendirilen gümrük barlaglary Gyrgyzystanyň wezipesini tamamlaýan prezidenti Almazbek Atambaýewiň Gazagystany öz ýurdunda 15-nji oktýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndaky kampaniýalara goşulyşmakda aýyplamagy we Nursultan Nazarbaýewi uzak möhlet häkimiýet başynda galmakda tankytlamagy bilen bagly dörän jedelleriň yz ýanyna gabat geldi.
7-nji oktýabrda Atambaýew gazak häkimiýetlerini “Gyrgyzystanyň içerki işlerine gatyşmakda” we Atambaýewiň göwnän mirasdüşeri bolan Sooronbaý Jeenbekowyň baş garşydaşy Omurbek Babanowy aç-açan goldamakda aýyplady. Jeenbekow soňlugy bilen saýlawlarda ýeňiş gazandy. Bu aýyplamalar haçan-da Nazarbaýew 19-njy sentýabrda Babanow bilen duşuşansoň peýda bolup başlady.
18-nji oktýabrda Atambaýew Nazarbaýewi tankyt etmekde özüniň öte geçen bolmagynyň “ahmaldygyny” aýtdy. Nazarbaýew 1991-nji ýylda dargan Sowet Soýuzy döwürlerinden bäri öz has ulurak, has baýrak döwletinde höküm ýöredýär.
“Mümkin, men tolgunyp gazak prezidentini tankyt etmek bilen ýalňyşandyryn” diýip, Atambaýew aýty. Muňa derek ol gazak prezidentiniň töweregindäki “oligarhlary” nyşana alyp, olary öz bähbitli atlandyryp, 77 ýaşly Nazarbaýew aradan çykanda ýa-da güýji başgasyna geçirende, olaryň diňe öz baýlyklaryny we pozisiýalaryny goramagyň aladasyndadyklaryny aýtdy.
“Gazagystanyň prezidenti töweregindäki adamlara ynanýar. Onuň töweregindäkiler bolsa oligarhlar. Meniň pikirimçe, ol hem edil men ýaly adamlara aňsat ynanyberýär. Bu aralykda, oligarhlar diňe bir zat hakda pikir edýärler, ýagny Nazarbaýew gidensoň näme etmelidigi, nädip öz pullaryny halas etmelidikleri barada we olary nirede gizlemelidikleri hakynda alada edýärler” diýip, Atambaýew aýtdy.