Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik, türkmen resmileri Berdimuhamedowyň Duşenbä etjek saparyny maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahman. 5-nji maý, 2014 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahman. 5-nji maý, 2014 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täjik paýtagty Duşenbä sapar etmegine garaşylýar diýip, “Sputnik” neşiri Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň informasiýa departamentine salgylanyp habar berýär.

Neşiriň 20-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, täjik daşary işler ministri Sirojidin Aslow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mýatiýewi kabul etdi we iki ýurduň ýokary derejeli resmileri Berdimuhamedowyň Täjigistana etjek nobatdaky saparyny maslahat etdiler.

Emma habarda türkmen lideriniň bu saparynyň haçan amala aşjakdygy we onuň dowamynda nähili meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy aýdyňlaşdyrylmaýar. Şeýle-de, bu sapar barada häzirlikçe türkmen media serişdelerinde hem haýsydyr bir maglumat berilmeýär.

Berdimuhamedow soňky gezek Täjigistana 2014-nji ýylda sapar edipdi.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahman Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin şu ýylyň sentýabr aýynda türkmen paýtagtyna barypdy.

XS
SM
MD
LG