Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan oppozision aktiwisti 11 ýyl soň türmeden boşatdy


Özbegistanda polisiýa ofiserleri. Illýustrasiýa suraty
Özbegistanda polisiýa ofiserleri. Illýustrasiýa suraty

Özbek häkimiýetleri soňky 11 ýylyny türmede geçiren oppozision aktiwisti azatlyga goýberdi.

Muhammadali Koraboýew AÝ/AR-nyň Özbek gullugyna beren maglumatynda “ýurtda dowam edýän üýtgeşiklikleriň” netijesinde özüniň 18-nji oktýabrda türmeden boşadylandygyny aýtdy.

“Ýurtda demokratik ösüşler göze ilýär we bu ösüşler gözenekleriň arkasyndakylara-da täsir ýetirýär” diýip, Koraboýew özüniň syýasy işlere gatnaşygyny täzelemegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

70 ýaşyndaky Koraboýew gadagan edilen “Birlik” oppozision hereketiň demirgazyk Namangan regionyndaky bölüm ýolbaşçysydy.

2006-njy ýylda ol birinden bir zady gorkuzyp almakda aýyplanyp, 5 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň tarapdarlary bu aýyplamalaryň esassyzdygyny we syýasy maksatlydygyny aýdypdylar.

XS
SM
MD
LG