Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB liderleri Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky öz borçnamalaryny gaýtadan tassykladylar


Ýewropa Bileleşiginiň liderleri
Ýewropa Bileleşiginiň liderleri

19-njy oktýabrda Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň garşylyk görkezmegine garamazdan, Eýranyň ýadro hereketlerini çäklendirmek we oňa derek Tährana garşy girizilen sanksiýalary gowşatmak boýunça ylalaşykdaky öz borçnamalaryny gaýtadan tassykladylar.

“Biz Eýranyň ýadro ylalaşygynyň ähli taraplar tarapyndan berjaý edilmegine doly wepaly bolup galýarys. Biz muňa Ýewropa Bileleşiginiň we regionyň howpsuzlygy üçin esasy mesele hökmünde garaýarys” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomaty Federika Mogerini 19-njy oktýabrda beren maglumatynda aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri ÝB-niň “Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky öz borçnamalaryny gaýtadan doly tassyklaýandygy” barada bilelikdäki beýanaty ýaýratdylar.

Tramp 2015-nji ýylda baglaşylan bu ylalaşyga garşylyk görkezip, geçen hepde Eýranyň ylalaşykdaky borçnamalaryny ýerine ýetirýändigini tassyklamagy ret etdi.

Şondan soň Ýewropa Bileleşigi ylalaşygyň saklanyp galmagy üçin tagallalaryny güýçlendirdi we bu babatda 19-njy oktýabrda ABŞ-nyň Kongresine ýüzlendi.

XS
SM
MD
LG