Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Janyndan geçen bombaçy 15 kadeti öldürdi


Goranmak ministrliginiň sözçüsi Dawlat Waziri
Goranmak ministrliginiň sözçüsi Dawlat Waziri

Owganystanyň Goranmak ministrligi janyndan geçen bombaçynyň 21-nji oktýabr güni giçlik Kabuldaky tälim merkezinden çykyp barýan kadetleriň azyndan 15-sini öldürendigini aýdýar.

Marşal Fahim goranmak uniwersitetiniň derwezesiniň agzynda bolan güýçli partlamada dört kadet ýaraly boldy diýip, Goranmak ministrliginiň sözçüsi Dawlat Waziri aýtdy.

Pyýada hüjümçi kadetleri öýlerine alyp barýan minibusy nyşana aldy diýip, Waziri sözüniň üstüni ýetirdi. Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” jeňçi topary öz üstüne aldy.

Soňky hüjüm jeňçi toparyň ýurduň dürli ýerlerinde gurnan kast ediş hüjümlerinde ölenleriň sanyny 200-e ýetirdi.

19-njy oktýabrda Kandagardaky harby baza edilen hüjümde 43 esger öldürildi. Onuň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG