Sepleriň elýeterliligi

Minsk: Protestçiler goşundaky agalygy we 'mugthorlyk' kanunyny ýazgardylar


Belarus, Minsk, 21-nji oktýabr, 2017.

Belarus paýtagty Minskde 21-nji oktýabrda birnäçe ýüz adam ýurduň Ýaragly güýçleriniň hataryndaky agalygy, dedowşinany ýazgarmak üçin proteste toplandy.

Belarus goşunynda dedowşina, agalyk uly problema bolup durýar we käte esgerleriň özlerini öldürmegine ýa beýleki birini öldürmegine alyp gelýär.

2008-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli aralykda Belarusyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda 37 adamyň öz janyna kast edendigi hasaba alyndy.

Protestçiler ýurduň goranmak ministrini bu problema sebäpli wezipesinden çekilmäge çagyrdylar.

Şeýle-de, protestçiler “sosial parazitlere” garşy diýlip bilinýän kanun düzgünleşdirmelerini ýazgardylar.

Fewralda we martda müňlerçe belarus köçelere çykyp, işlemeýän adamlara “sosial parazitler” – mugthorlar hökmünde salgyt salmak baradaky kanuny ýazgardy. Bu ýygnanyşyklar Belarusda soňky ýyllarda hökümete garşy gurnalan iň uly protestler boldy.

XS
SM
MD
LG