Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli aktiwist Nawalny azatlyga çykansoň Astrahanda söz sözleýär


Alekseý Nawalnynyň tussaglykdan çykan pursadynyň yz ýany. Moskwa. 22-nji oktýabr.

Prezident Wladimir Putine garşy ygtyýar berilmedik protestleri gurnandygy üçin tussag astyna alnan we Moskwadaky deslapky tussaghanada 20 günlük tussaglykdan soňra azatlyga çykarlan rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny boşadylmagyndan birnäçe sagat soňra ýurduň günortasynda ýerleşýän Astrahan şäherinde öz tarapdarlaryna seslendi.

Nawalny 22-nji oktýabrda ýagyşyň astynda üç ýüze golaý adamyň öňünde eden çykyşynda “Biziň üstümizden gülýän şeýle häkimiýet bize zerurmy? Ýok, şol sebäpden men – Astrahan üçin dogry kandidat, dalaş edýärin” diýdi.

2018-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda dalaşgärligi wada beren 41 ýaşly Nawalny Moskwadaky deslapky tussaghanadan boşadylansoň özüniň “işlemäge taýýardygyny” aýtdy.

20 günlük tussaglykdan soňra Nawalny 22-nji oktýabr güni irden deslapky tussaghanany terk etdi. Moskwanyň sudy ony protestleri we demonstrasiýalary düzgünleşdirýän kanunçylygy yzygiderli bozmakda aýyplap günäli tapypdy.

"Salam, men azatlyga çykdym!” diýip, Nawalnyý özüniň Instagram hasabynda köçedäki suratyny ýerleşdirmek bilen, bu täzeligi habar berdi.

Şol güni irden Nawalnynyň tarapdarlary Kremliň golaýyndaky köprüden “Putinden dynmagyň we Nawalnyny saýlamagyň wagty geldi” diýen ýazgyly şygary asdylar diýip, AFP habar gullugy habar berdi.

Nawalny 2018-nji ýylda geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda işjeň çykyş edip gelýär. Ol ýokary derejeli hökümet resmileriniň baş goşan korrupsiýasyna garşy göreşjekdigini aýdýar. Şonuň üçin, ol hususan-da ýaş orsýetlilerden düzülen täsirli baza döretdi.

Muňa garamazdan, Merkezi Saýlaw Komissiýasy iýun aýynda ykdysady jenaýatlar boýunça aýyplamalar esasynda oňa garşy gozgalan iki işiň birine salgylanyp, bu wezipä dalaş etmäge onuň hukugynyň ýokdugyny mälim etdi. Nawalny özüne garşy gozgalan işleriň häkimiýetler tarapyndan syýasy matlaply sebäplerden toslanyp tapylandygyny aýdýar.

Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa 17-nji oktýabrda Nawalna garşy gozgalan işiň esasynda onuň “2028-nji ýylyň ikinji ýarymyna çenli” wezipä dalaş edip bilmejekdigini aýtdy.

Muňa garamazdan, Nawalny ýygnanyşykdan soňra şahsy websaýtynda goýan maglumatynda özüniň prezidentlik ugrundaky kampaniýalaryna dowam etjekdigini we 2018-nji ýylda geçiriljek saýlawlara gatnaşmaga hakynyň bardygyny ýazdy.

“Saýlawlara gatnaşmaga beýleki dalaşgärleriň ählisinden has köp biziň hukugymyz bar” diýip, Nawalny ýazdy.

Nawalnynyň metbugat wekili Moskwadan 1300 kilometr daşlykda ýerleşýän, Hazar deňziniň golaýyndaky Astrahan şäheriniň “Družba” (“Dostluk”) parkynda geçirilen ýygnanyşyga häkimiýetleriň rugsat berendigini mälim etdi.

Aktiwist soňky aýlarda ýurduň dürli künjeginde ençeme wakalara, şol sanda 7-nji oktýabrda Putiniň doglan gününe gabatlap protest çärelerini gurnady.

Demonstrasiýalara gatnaşyjylar häkimiýetleri Nawalnynyň prezidentlige dalaş etmegine ýol bermäge çagyrdylar. Ýüzlerçe adam polisiýa tarapyndan tussag edildi.

Köçe protestlerini gurnamak bilen bir hatarda Nawalny Putiniň ýaranlarynyň baş goşan giň gerimli korrupsiýa gatnaşyklary diýilýän hasabatlary çap etmek bilen Kremli aljyradyp gelýär.

18 ýyldan bäri ýa prezident ýa-da premýer-ministr wezipelerinde ýurdy dolandyran Putin entek resmi taýdan 2018-nji ýylda geçiriljek saýlawlarda dalaş etjekdigini yglan etmedigem bolsa onuň şeýle etmegine we aňsat ýeňiş bilen häkimiýet başynda galmagyna garaşylýar.

Nawalnynyň soňky tussaglyk döwründe rus jemgyýetçiliginiň ýokary gatlagynyň wekili, telewizion ýyldyzy, oppozisiýa aktiwisti we Sankt Peterburgyň öňki häkiminiň gyzy Kseniýa Sobçak prezidentlik saýlawlarynda özüniň bu wezipä dalaş etjekdigini mälim etdi.

35 ýaşly Sobçak özüniň kandidatlygynyň “hemmä garşy ses” diýilýän protest sesi berjeklere hyzmat etjekdigini aýtdy. Protest sesler boýunça aýratynlyk 2006-njy ýyla çenli rus saýlawlaryndaky ses bukjalarynda adaty ýagdaýdy.

Sobçagyň prezidentlik wezipesine dalaş etmek karary dogrusynda çykyş edende Nawalny 22-nji oktýabrda “her kimiň saýlawlara gatnaşmaga we wezipä dalaş etmäge hukuklydygyny” aýtdy.

Şeýle-de, Nawalny käbir dalaşgärleri beýlekilerden has köp, käbirlerini bolsa beýlekilerden has az göwneýändigini aýtdy.

Söweşjeň aklawçy Nawalny geçen aý Sobçagyň wezipä dalaşgärlik baradaky pikiriniň üstünden gülüp, onuň Putine liberal garşydaşlykda Kreml tarapyndan makullanyp bilinjekdigini aýdypdy.

Synçylar Kremliň Putiniň dördünji we soňky prezidentlik möhletinde onuň mandatyny güýçlendirmäge we ses bermäge gatnaşyjylaryň sanynyň köp bolmagyny gazanmaga isleg bildrýändigini belleýärler.

XS
SM
MD
LG