Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan resmisi: Eýran bilen baglaşylan ylalaşygyň öz ýerinde galjakdygyna ‘hiç hili şübhe’ ýok


Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Jonson
Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Jonson

Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Jonson amerikan prezidenti Donald Trampyň Eýran bilen dünýäniň güýçli döwletleri arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro geleşigini täzeden tassyklamazlyk kararyna garamazdan, bu ylalaşygyň öz ýerinde galjakdygyna “hiç hili şübhe” ýok diýýär.

Jonson 23-nji oktýabrda daşary gatnaşyklar boýunça Londonda eden çykyşynda Amerikan kongresinde “iň täsirli şahsyýetler” bilen duşuşanyndan soňra, “bularyň hiç biri Eýran režiminiň janköýerleri däl – Trampyň hereketleriniň bu möhüm geleşigi öldürip bilmejekdigi hakda” özüne arkaýynlyk berlendigini aýtdy.

“Men aýgytlylyk we batyrlyk bilen [geleşigi] saklap boljakdygyna asla şübhe edemok” diýip, Jonson aýtdy.

Tähran bu möhüm ylalaşykda halkara sanksiýalarynyň ýeňledilmeginiň dereginde ýadro işjeňligini çäklendirmegi kabul etdi.

Köpsanly Amerikan resmileri şeýle hem beýleki resmiler muňa Eýranyň atom ýaragyny öndürmek boýunça tutan ýoluny gowşatmak üçin bir mümkinçilik diýip garaýarlar.

Tramp 13-nji oktýabrda eden çykyşynda ylalaşykdan çekilýändigini aýtmasa-da, Eýranyň ylalaşyga laýyklykda hereket edýändigini tassyklamagy ret edip, Tährany ballistik raketalary synamak we Ýakyn Gündogarda ekstremistleri goldamagy dowam etdirmek bilen ylalaşygyň “ruhuny” bozýanlykda aýyplady.

Ol Eýrana goşmaça basyş etmek üçin kanun çykaryjylardan bir amerikan kanuny güýje girizmegi sorajakdygyny bildirdi. Onsoň Respublikanlaryň kontrollygyndaky kongrese ylalaşyga düzediş girizmek üçin 60 gün wagt berilýär.

Britaniýanyň daşary işler ministri 23-nji oktýabrda eden çykyşynda geleşik aşa ähmiýetli, sebäbi Eýranyň atom ýaragyny öndürmegi sanlyja aýyň içinde mümkin diýdi.

Jonson Amerikan prezidentini göni tankytlaman, Tramp ylalaşygy “taşlanok”, aslynda ol “Eýranyň garşysyna ýadro bilen baglanyşykly sanksiýalary talap etmezligi dowam etdirdi” diýdi.

Britaniýanyň daşary işler ministri Tähranyň regiondaky “ýykgynçylykly hereketlerini” boýun alsa-da, “ýöne bu biz Eýrandan el üzmeli diýildigi däl” diýdi.

Jonson: “Edil tersine, biz eýranlylara ylalaşygyň özlerine peýdalydygyny görkezmek ugrunda iş alyp barmagy dowam etdirmeli” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Trampyň göçümine reaksiýa görkezen Amerikanyň ýaranlary Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa geleşigiň tarapyny çalmagy güýçlendirip, ol “biziň umumy milli howpsuzlygymyzyň bähbidine” diýdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogerini ýadro ylalaşygyny “berk ylalaşyk” diýip atlandyryp, geleşigiň peýdalydygyny we haýsy hem bolsa bir lideriň onuň soňuna çykyp bilmejekdigini aýtdy.

Ylalaşyga Orsýet bilen Hytaý-da gol çekdiler.

XS
SM
MD
LG