Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Global pasport indeksinde Singapuryň pasporty iň ýokary derejäni aldy


Türkmen pasporty
Türkmen pasporty

2017-nji ýylyň global pasportlar indeksi çap edildi. Çarşenbe güni "Arton Capital" geňeşdarlyk firmasynyň çap eden hasabatynyň maglumatlaryna görä, Singapuryň pasportyna dünýäniň “iň güýçli pasporty” diýen dereje berildi.

Bu dereje pasportyň “wizasyzlyk boýunça alan bahalaryna”, ýagny pasportyň eýesiniň wizasyz ýa-da baryp wiza alyp bilýän ýurtlarynyň möçberine esaslanýar.

Singapuryň pasporty bu meselede 159-njy derejäni alýar, onuň yzyndan 158 dereje bilen Germaniýa, 157 dereje bilen Şwesiýa ýaly ýurtlar gelýär.

Sanawda adatça öňdeligi soňky iki ýylda birinji bolan Germaniýanyň liderliginde esasan ýewropa ýurtlary eýeleýärdi, emma Portugalyň singapurlylar üçin wiza talabyny ýatyrmagy bu ýurdy 2017-nji ýylyň sanawynda iň ýokary derejä çykardy.

Pasportynyň güýji boýunça Türkmenistan bu ýyl 48, 84 derejsini alypdyr. Emma Gyrgyzystan 58, 72, Özbegistan 54, 72 derejelerini alypdyr.

XS
SM
MD
LG