Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londonda musulman aýallar üçin moda sergisi geçirildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Londonda musulman zenanlary üçin niýetlenen egin-eşikleriň sergisi geçirildi.

Geçen hepdäniň ahyrynda gurnalan bu sergä omanly, morokkoly, britaniýaly we indoneziýaly 7 modelýer gatnaşdy.

Moda sergisine amerikaly supermodel Halima Aden hem gatnaşdy. Ol ilkinji gezek Nýu-Ýork we Milan moda hepdelerinde hijap dakan model hökmünde tanalýar.

Halima Aden yslam ynanjynyň we modanyň ylalaşyp biljekdigine ynanýar.

Britaniýaly dizaýner Raishma bolsa hijaply moda sergileriniň meşhur bolmagynyň sebäbini gitdikçe has köp zenanlaryň başlaryny baglamagy bilen baglanyşdyrýar. Onuň pikirine görä, hijap jins we dar eşikler bilen geýilmeýändigi üçin bu ugurda aýratyn moda döredilmelidir.

Soňky iki ýylda reklama kompaniýalary, media läheňleri we moda firmalary hijaply zenanlaryň şekillerini has köp peýdalanmaga başladylar.

Moda sergisiniň gatnaşyjysy Sultana Tafadaryň aýtmagyna görä, indi hijaply zenanlar üçin dikilýän eşikler olaryň iş ýerinde we daşarda geýýän eşikleridir. Moda sergisiniň maksady dizaýnerleri, hem müşderiniň islegine görä dikilen şahsy geýimler, hem-de taýyn satylýan lýuks geýimleriň dizaýnynyň üstünde işlemäge höweslendirmekden ybaratdyr.

XS
SM
MD
LG