Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler teatr gabawynyň we başa barmadyk halas edişligiň 15 ýyllygyny hatyralaýar


26-njy oktýabrda iki ýüze golaý adam Moskwanyň Dobworka teatrynyň golaýynda ýygnandylar.
26-njy oktýabrda iki ýüze golaý adam Moskwanyň Dobworka teatrynyň golaýynda ýygnandylar.

15 ýyl mundan ozal bolup geçen pajygaly zamun alnyşykda pida bolanlary hatyralamak üçin 26-njy oktýabrda iki ýüze golaý adam Moskwanyň Dobworka teatrynyň golaýynda ýygnandylar.

2002-nji ýylyň 23-nji oktýabr güni 40 golaý jeňçi agzalýan teatra kürsäp girip tomaşaçylardan, aktýorlardan we teatryň işgärlerinden düzülen ýedi ýüze golaý adamy zamun alyp, Russiýanyň Çeçen regionyndaky federal goşunlarynyň yza çekilmegini talap edipdiler.

Orsýetli resmiler 57 sagat dowam eden krizisiň dowamynda zamunlardan 130 adamyň wepat bolandygyny we jeňçileriň bolsa ählisiniň öldürilendigini mälim edipdi.

Zamunlaryň aglaba bölegi haçan-da rus güýçleriniň teatry zabt etmekleriniň öňüsyrasynda jeňçileri tabyn etmek üçin binanyň içine zäherli gaz goýbermekleri sebäpli, ýa-da başa barmadyk halas ediş operasiýasynyň netijesinde wepat bolupdylar.

Howpsuzlyk güýçleri teatra hüjüm edip huşuny ýitiren zamunlary daşaryk çekip çykaranlaryndan soňra, pidalaryň köpüsi öz gusmugynda boguldy, dillerini ýuwuty ýa-da dyknyşyk awtobuslarda howa ýetmezçiliginden demigip öldüler.

Heläkçilige uýranlaryň we olaryň dogan-garyndaşlarynyň hukuklaryny gorap çykyş edýän Döwlete degişli bolmadyk guramanyň aýtmagyna görä 174 zamun wepat bolupdyr.

Rus hökümeti operasiýanyň dowamynda haýsy gazyň ulanylandygyny aýan etmekden saklanýar.

Pidalaryň dogan garyndaşlary hökümeti magala agzalarynyň ölüminde öz roluny ýaşyrmakda aýyplaýarlar.

26-njy oktýabrda teatryň daşynda gurnalan ýatlama çäresinde pida bolanlaryň maşgalalary şem ýakyp 130 sany şary asmana uçurdylar. Şeýle-de, gyrgynçylykda wepat bolanlaryň atlary hem okaldy.

Wakanyň bolan güni tearta girip jeňçileri bir aýal bilen onuň üç çagasyny zamunlykdan boşatmaga razy eden meşhur rus aýdymçysy we kanunçykaryjy Iosif Kobzon hem ýatlama çäresine gatnaşdy.

Şol halas edilen aýal we onuň tragediýadan aman galan iki çagasy Kobzonyň ýany bilen çärä gatnaşdy.

Iosif Kobzon şäher häkimligiň resmilerinden, hökümet ministrlerinden, ýa-da özi ýaly kanunçykaryjylardan hiç kimiň pidalary hatyralamak çäresine gatnaşmaýandygy üçin özüniň utanç duýýandygyny Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

2003-nji ýyldan 2017-nji ýylyň mart aýy aralygynda zamun almaga gatnaşmakda aýyplanýan ýedi adama ýyl kesilip olar 22 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edildiler.

XS
SM
MD
LG