Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Sarin gazly hüjüme siriýa hökümeti günäkär


Khan Şeikhun sebitine edilen hüjümde azyndan 87 adam heläk bolupdy.
Khan Şeikhun sebitine edilen hüjümde azyndan 87 adam heläk bolupdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň täze hasabatynda Siriýada aprelde jeňçileriň elindäki sebitlere sarin gazy bilen edilen hüjüme siriýa hökümetiniň günäkärdigi aýdylýar. Şol hüjümde azyndan 87 adam, şol sanda 30 çaga heläk bolupdy.

“Topar 2017-nji ýylyň 4-nji aprelinde Khan Şeikhun sebitine sarin gazynyň goýberilmegine Siriýa Arap Respublikasynyň jogapkärdigini ynam bilen aýdýar” diýip, hasabatda bellenilýär.

Mundan öň, Himiýa ýaraglarynyň öňüni almak boýunça guramanyň geçiren başga bir derňewinde zäherli nerw gazyny siriýa güýçleriniň ulanandygy boýunça deliller tapylypdy.

Şol döwür, ABŞ prezident Başar al-Assadyň hökümetini günäläp, Şaýrat howa bazasyna raketa hüjümini amala aşyrypdy.

Moskwa bilen Damask hüjümi siriýa hökümetiniň amala aşyrandygyny ret etdiler.

XS
SM
MD
LG