Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kennediniň öldürilmegi boýunça täze dokumentler aýan edildi


Li Harweý Oswald
Li Harweý Oswald

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp prezident Jon F. Kennedä edilen hüjüm bilen baglylykdaky käbir gizlin maglumatlary aýan etmekden saklandy. Emma, bu hüjüm bilen ilteşikli başga 3 müň töweregi dokument ABŞ-nyň Milli arhiwi tarapyndan çap edildi.

Ak Tam Derňewler boýunça federal býuronyň we Merkezi Aňtaw Agentliginiň Trampa käbir dokumentleriň milli howpsuzlyk jähtinden aýan edilmezligini maslahat berendiklerini mälim etdi. Maglumata görä, Tramp öňümizdäki alty aýyň içinde bu dokumentleri täzeden seljermegi tabşyrypdyr.

Ylmy işgärler täze çap edilen dokumentleriň 1963-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Dallasda Kennediniň Li Harweý Oswald tarapyndan atylyp öldürilmegi boýunça düýpgöter täze detallary berjekdigine garaşmaýandyklaryny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG