Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Somaliniň paýtagtynda bolan partlamada azyndan 23 adam wepat boldy


"Nasa Hablod" myhmanhanasynyň öňünde bolan partlama, Mogadişu, 28-nji oktýabr, 2017.
"Nasa Hablod" myhmanhanasynyň öňünde bolan partlama, Mogadişu, 28-nji oktýabr, 2017.

Somaliniň paýtagty Mogadişuda janyndan geçen hüjümçiniň myhmanhananyň golaýynda içi bombaly ýük ulagyny partlatmagy zerarly azyndan 23 adam wepat boldy we 30-dan gowrak adam ýaralandy.

“Al-Kaýda” bilen bagly “Al-Şabab” atly topar 28-nji oktýabrda bolan bu partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we öz söweşijileriniň myhmanhananyň içinde bolandygyny aýtdy.

Howpsuzlyk resmileri hüjümçiniň öz ýük ulagyny myhmanhananyň derwezesinde saklandygyny we onuň döwülendigini aýdyp, bejermek bahanasy bilen partladandygyny habar berdiler.

Polisiýanyň resmisi kapitan Mohamed Hussein pidalaryň arasynda kellesine ok atylyp öldürlen bir aýal maşgalanyň hem üç çaganyň bolandygyny aýtdy.

Hussein polisiýanyň “Nasa-Hablod” atly myhmanhananyň ýokarky gatynda gizlenen hüjümçiler bilen söweşen wagtynda binada 20 çemesi adamyň, şol sanda hökümet resmileriniň gabawda galandygyny habar berdi.

Myhmanhana prezidentiň köşgüniň golaýynda ýerleşýär.

Polisiýa wekili partlamadan heläk bolanlaryň köpüsiniň myhmanhananyň golaýynda bolan polisiýa işgärleridigini belledi.

Bu waka Mogadişunyň köp adamly köçesinde 350 çemesi adamyň ölümine sebäp bolan patlamanyň yzýany emele geldi.

XS
SM
MD
LG