Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Peşawarda ýokary wezipeli owgan resmisi ogurlandy


Pakistanyň harbylary köçe gözegçiligini berjaý edýärler, Peşawar
Pakistanyň harbylary köçe gözegçiligini berjaý edýärler, Peşawar

Pakistanyň polisiýasy Peşawar şäherinde ýaragly adamlaryň ýokary wezipeli owgan resmisini ogurlandygyny habar berdi.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, Owganystanyň gündogar Kunar welaýatynyň häkiminiň orunbasary Muhammad Nabi Ahmadi 27-nji oktýabrda ogurlanypdyr.

Polisiýanyň baş resmisi Muhamad Sajjad Hanyň AFP agentligine aýtmagyna görä, Ahmadi Peşawaryň Dabgari etrabynda bolan wagtynda ýaragly adamlar ony ulaga salyp, alyp gidipdir.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Pakistanyň Owganystan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Peşawar uzak wagtyň dowamynda söweşijileriň aktiw hereketleriniň merkezi, şeýle-de gaçakçylaryň we neşe söwdegärleriniň transport çatrygy bolmagynda galýar.

Soňky wakanyň Pakistanyň we Owganystanyň gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagyna sebäp bolmagy ähtimal.

Owganystan Pakistany owgan “Talybanynyň” liderlerini gizlemekde aýyplaýar. Yslamabat muny ret edýär.

XS
SM
MD
LG