Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan BMG-ni 'Talybanyň' ýolbaşçylaryna garşy sanksiýalary girizmäge çagyrdy


Owganystanyň baş dolandyryjy resmisi Abdylla Abdylla
Owganystanyň baş dolandyryjy resmisi Abdylla Abdylla

Owganystanyň baş dolandyryjy resmisi Abdylla Abdylla BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini “Talybanyň” ýolbaşçylaryna garşy sanksiýalary girizmäge çagyrdy.

Ol bu çykyşyny BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň sanskiýalar boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Kairat Umarow bilen 29-njy oktýabrda geçiren duşuşygynyň yzýany etdi.

Abdylla öz çykyşynda “Talybany” “ýurduň ýumrulmagyna” jogapkär “rehimsiz ganhor” diýip atlandyrdy.

“Olar terrorçylar hasaplanmaly” diýip belledi.

Abdylla sanksiýalar komiteti “Talybanyň” liderleriniň hereketlerini çäklendirmek we olaryň maliýe çeşmelerini kesmek üçin sanksiýalary girizmeli diýdi.

“Talybanyň” liderleriniň Pakistanyň Kwetta şäherinde ýerleşýändigi çak edilýär.

ABŞ we dünýäniň iň täsirli ýurtlarynyň ençemesi “Talybany” parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere çekmek üçin ony terrorçy gurama hökmünde resmi taýdan yglan etmekden saklandylar.

Soňky ýyllaryň dowamynda “Talyban” bilen seýrek gepleşikler geçirildi, emma öňe gidişlik gazanylmady.

XS
SM
MD
LG