Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Talyban' ogurlanan amerikan professorynyň saglygynyň 'howpludygyny' aýdýar


Howpsuzlyk güýçleri Owganystanyň Amerikan Uniwersitetiniň daşynda gözegçilik edýärler, Kabul, 25-nji awgust, 2016.
Howpsuzlyk güýçleri Owganystanyň Amerikan Uniwersitetiniň daşynda gözegçilik edýärler, Kabul, 25-nji awgust, 2016.

Owganystanyň “Talyban” topary geçen ýylda Kabulda ogurlanan amerikan professorynyň saglyk ýagdaýynyň “howpludygyny” aýtdy we onuň gyssagly medisina kömegine mätäçdigini belledi.

Kewin King Owganystanyň Amerikan Uniwersitetiniň 2016-njy ýylyň awgust aýynda ogurlanan iki professoryň biri, ikinjisi awstraliýaly Timoty Weeks.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid 60 ýaşly Kingiň ýüregindäki kemçilikden we böwrek keselinden ejir çekýändigini habar berdi.

“Onuň näsaglygy güýçlenýär, aýagy çiş, ol käte özüniden gidýär we onuň ýagdaýy gün-günden ýaramazlaşýar diýip, Mujahid 29-njy oktýabrda ýaýradan beýanatynda aýtdy.

Professoryň ogurlanmagyna “Talybanyň” ýarany we Pakistanda ýerleşýän ekstremist Hakkani toparynyň gatnaşandygy çak edilýär.

XS
SM
MD
LG