Owganystanyň paýtagty Kabulda 31-nji oktýabrda bolan bomba partlamasy uly adam pidasyna sebäp boldy diýip, şaýatlar habar berýärler.
Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň we polisiýanyň tassyklamagyna görä, partlama şäheriň berk gözegçiligindäki böleginde bolupdyr. Emma olar ýagdaýyň jikme-jiklerini mälim etmediler.
Reuters agentliginiň telewizion topary Kabulyň Wazir Akbar Han etrabynda bolan partlamada azyndan sekiz adamyň heläk bolandygyny we ýene ençeme adamyň ýaralanandygyny görüpdir.
Saglygy saklaýyş resmileri şäheriň keselhanalaryna üç adamyň jesediniň we 10 ýaralanan adamyň alnyp barylandygyny habar beridiler.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!