Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml ABŞ-nyň bildiren aýyplamalarynda Orsýetiň agzalmandygyny aýdýar


Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow
Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-wekili Kremliň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň saýlaw kampaniýasynyň öňki ýolbaşçysyna aýyplama bildirilmegine Orsýetiň gatnaşygy baradaky çaklamalar üçin hiç hili subutnama görmeýändigini nygtady.

31-nji oktýabrda çykyş eden Dmitriý Peskow Orsýetiň ABŞ-nyň saýlaw prosesine goşulyşmagy we Trampyň kömekçileri bilen gatnaşygy hakyndaky çaklamalardan ýüz öwürip, öň eden beýanatyny gaýtalady.

“Media maglumatlaryndan bilşimiz we gatnaşyjylaryň eden beýanatlaryndan görüşimiz ýaly, Orsýet gozgalan işleriň hiç birinde agzalmaýar” diýip Peskow žurnalistlere aýtdy. “Başga ýurtlar we başga adamlar” agzaldy diýip, Peskow Ukrainany we Orsýetiň ýarany bolup, 2014-nji ýylda protestleriň netijesinde wezipesinden çetleşdirilen öňki ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçi agzap geçdi.

30-njy oktýabrda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň saýlaw kampaniýasynyň öňki ýolbaşçy Paul Manafort we öňki kömekçisi Rik Gates Ukraina bilen 10 ýyldan gowrak döwürde amala aşyrylan gatnaşyklarda ABŞ-ny aldamandygyny aýdyp, özlerine garşy öňe sürlen aýyplamalary ret etdiler.

XS
SM
MD
LG