Sepleriň elýeterliligi

Amerikan ses berijileriniň ýarysy rus syýasy ýazgylaryny 'gören bolmagy mümkin'


“Facebook” sosial ulgamynyň bellemegine görä, Orsýetde ýerleşýän operatorlar tarapyndan Amerikada kime ses berjekdigi hakda entek belli bir karara gelmedik saýlawçylary nyşana alyp ýerleşdirilen ýazgylary iki ýylyň içinde takmynan 126 million amerikalynyň gören bolmagy ähtimal.

Facebook ulgamynyň ýazmaça şeklinde kongrese beren we media el ýeterli edilen görkezmesinde berilýän maglumatlara salgylanan Twitterde ors operatorlary bilen baglanyşykly köp hasaplaryň tapandygyny habar berdi.

Bu kompaniýalaryň ikisi-de 31-nji oktýabrda amerikan Senatynyň kazyýet komitetiniň öňünde görkezme bermeli.

Facebook ulgamynyň ýüze çykaran soňky zatlary Orsýetiň Birleşen Ştatlardaky syýasy garaýyşlara täsir etmek üçin eden işleriniň kompaniýanyň ozal çak edilişinden has ýokarydygyny görkezýär.

Facebook özüniň ýazmaça şekilde beren görkezmesinde 2015-nji ýylyň iýuny bilen 2017-nji ýylyň awgustynyň aralygynda çap edilen 80 müň ýazgyny tapandygyny aýtdy.

Sosial ulgamyň bellemegine görä, saýlawçylar tarapyndan görlen ýazgylarda üns merkezinde bolan esasan jyns bilen baglanyşyk sosial we syýasy habarlar bolupdyr.

Facebook bular ýaly “organiki” ýazgylaryň ors agentlikleri bilen baglanyşykly 2 müň bildirişden tapawutlydygyny aýdýar. Facebook bu bildirişler barada kongrese ozal maglumat beripdir.

“Bular ýaly işler Facebookyň jemagat döretmek missiýasyna we biziň tutumymyza ters gelýär. Biz bu täze howpy ýeňip geçmek barada elimizden gelen ähli zady etmäge kararly” diýip, sosial ulgamyň baş geňeşçisi Kolin Streç beren ýazmaça görkezmesinde aýtdy diýip, medianyň habarynda aýdylýar.

Twitteriň beren iň soňky görkezmesinde Orsýetiň internet agentligi bilen baglanyşykly tapylan hasaplaryň ozalkylaryň on essesidigi bellenýär.

Twitter şol agentlik bilen baglanyşykly 2752 hasaby tapandygyny, olaryň ählisini togtadandygyny we hasaplaryň adyny kongresiň derňewçilerine berendigini aýdýar.

Twitter Orsýet bilen baglanyşykly hasaplar tarapyndan 2016-njy ýylyň sentýabry bilen şol ýylyň 15-nji noýabryna çenli saýlaw bilen baglanyşykly berlen ýazgylaryň jemi 1.4 million tweeti öz içine alýandygyny belleýär.

Kompaniýa şeýle hem bildirişi satyn alan dokuz rus hasabynyň köpüsiniň döwlet tarapyndan goldalýan Russia Today ýa RT tarapyndan gelendigini ýüze çykarypdyr. Twitter geçen hepde indi RT we Sputnik ýa Orsýetiň beýleki döwlet habar gulluklary tarapyndan berlen bildirişleri kabul etmejekdigini aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG